Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Sud gazak aktiwistlerine beren jezasyny gowşatdy


Graždan aktiwisti Ermek Narymbaýew sud jaýynyň öňünde, Almaty, 30-njy mart, 2016

Graždan aktiwisti Ermek Narymbaýew sud jaýynyň öňünde, Almaty, 30-njy mart, 2016

Gazagystanyň Almaty şäheriniň şikaýat sudy hökümetiň iki tankytçysyna berlen jezany gowşatdy.

Suduň 30-njy martda çykaran kararynda Serikžan Mambetaline berlen iki ýyllyk türme möhletiniň bir ýyllyk gözegçilik astynda bolmak şerti bilen boşadylmagyna çalyşylmalydygy aýdyldy.

Ermek Narymbaýewiň üç ýyllyk türme tussaglygy iki ýyllap gözegçilik astynda bolmak şerti bilen boşadylmagyna çalşyryldy.

Şeýle-de Mambetaline we Narymbaewe üç we bäş ýyllap jemgyýetçlik işlerine gatnaşmak gadagan edildi.

Bu iki aktiwist oktýabr aýynda tussag edilip, ýanwar aýynda türme tussaglygyna höküm edilipdi. Olar internet arkaly sosial ýigrenji tutaşdyrmakda aýyplanypdy.

Olaryň ikisi-de özlerine ýöňkelen günäni ret edipdi. Emma Mambetalin yzýany “öz günäsi”üçin “bagyşlanmagyny” sorap köpçüligiň öňünde çykyş edipdi.

Narymbaýew günäni boýun almakdan boýun gaçyryp, açlyk yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG