Sepleriň elýeterliligi

Orsýet "Siriýadaky operasiýalara gatnaşanlar üçin" orden ýasadýar


Rus pilotlary

Rus pilotlary

Orsýetiň Goranmak ministrligi "Siriýada alnyp barlan operasiýalara gatnaşanlar üçin" 10300 sany orden ýasalmagyny isleýär. Bu bolsa Orsýetiň Siriýada alty aýlap alyp baran harby operasiýalaryna gatnaşanlaryň sanyny belli edýän iň ýakyn resmi görkezijidir.

Ministrlik ordenler üçin takmynan iki million rubl (29000 dollar), şahadatnamalar üçin hem goşmaça 255 müň rubl çykdajy eder. Tabşyryk Orsýetiň resmi üpjünçilik websaýtynda ýerleşdirildi.

Ordenleri taýynlajak kärhana 15-nji aprelde boljak elektroniki auksion bäsleşik esasynda saýlanar. Şondan soňra ordenler ýedi iş gününiň içinde öndürilmeli.

Goranmak ministri Segeý Şoýgu ordenler baradaky permana ilki 2015-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Orsýetiň operasiýalary Siriýada başlananyndan iki aý soňra gol çekipdi.

32 millimetrlik ordeniň ýüzünde Siriýany görkezýän düşekde üç sany harby uçar bilen bir raketa gämisi bar. Arka tarapynda bolsa "Siriýadaky harby operasiýa gatnaşana", şeýle hem "Orsýetiň Goranmak minintrligi" diýen ýazgy bar.

Orsýetiň "Gazeta.ru" internet saýtyndaky maglumatlara görä, ordenleriň käbiri şu wagt hem bar, olary aňsatlyk bilen internetiň üsti bilen satyn alyp bolýar. Beýleki websaýtlaryň birnäçesinde bir orden üçin soralýan baha 400 rubl bilen 1500 rubluň aralygynda.

Moskwa alty aýa golaý Siriýada bolansoň, öz ýaragly güýçleriniň we harby enjamlarynyň aglabasyny 15-nji martda ol ýerden çykarmaga başlady. Kampaniýa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada gozgalaňçy toparlaryň elindäki regionlary gaýdyp almga kömek etdi.

Orsýet Siriýadaky bazalaryny gorap saklamak we maglumat toplamak missiýasyny alyp barmak üçin ol ýerde müň çemesi harby işgärini saklajakdygyny aýtdy.

2011-nji ýylda Siriýa konflikti başlaly bäri 270 müňden köpräk adam ölüp, millionlarça adam öý-öwzardan aýryldy.

XS
SM
MD
LG