Sepleriň elýeterliligi

“Harby türgenleşige içerki konflikt sebäp bolup biler”


Türkmenistanyň prezidenti 26-njy martda, gijäniň ýarynda ýurduň harby goşunynyň söweş taýýarlygyny barlamagy buýurdy.

Türkmenistanyň prezidenti 26-njy martda, gijäniň ýarynda ýurduň harby goşunynyň söweş taýýarlygyny barlamagy buýurdy.

Türkmenistanyň prezidenti 26-njy martda, gijäniň ýarynda “garaşylmadyk ýerden” ýurduň harby goşunynyň söweş taýýarlygyny barlamagy buýurdy. Ýurt boýunça geçirilýän bu türgenleşikler häzirki güne çenli hem dowam edýär.

Türkmen mediasy bu türgenleşikleriň maksadynyň “ýurduň ýaragly güýçleriniň şahsy düzüminiň harby-hünär ussatlyklaryny hasam ýokarlandyrmakdan, milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmekden” ybaratdygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy geçen hepdäniň ahyryndan bäri dowam edýän bu giň gerimli harby türgenleşikler dogrusynda postsowet ýurtlary boýunça garaşsyz harby bilermen Aleksandr Golts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda geçirilýän häzirki harby türgenleşikleriň maksady barada siz ilki bilen näme aýdyp bilersiňiz?

A.Golts: Bilşimiz ýaly, Türkmenistan juda bir ýapyk ýurt. Şonuň üçin ýurtdaky kararlaryň kabul ediliş prosesine gatnaşmaýan daşarky ekspertleriň ýurtdaky bolup geçýän ýagdaýlar dogruda nähilidir bir çak urmagy kyn bolýar.

Emma her nähili hem bolsa, [häzirki harby türgenleşikleriň] birnäçe mümkin sebäplerini agzasa bolar.

Azatlyk Radiosy: Haýsylar?

A.Golts: Birinjiden-ä, Merkezi Aziýa sebitindäki umumy ýagdaýlar gitdigiçe dartgynlaşyp barýar. Bu hem Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri bilen bagly.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagt owgan hökümeti ýurdy gözegçilikde saklamak meselesinde uly kynçylyklary başdan geçirýär. Käbir ekspertler ýurduň belli-belli böleklerini “Talybanyň” ýa-da başga bir ekstremistik toparyň doly öz kontrollygyna geçirmegini diňe “wagt meselesi” diýip häsiýetlendirýärler.

Munuň hem Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin uly howpy bar. Türkmenistan hem bu ýagdaýlardan kadadan çykma däl.

Ýurtda garyplyk, awtoritar režim höküm sürýär. Bular hem radikal yslamyň döremegine we ösmegine esas bolýan şertler.

Şol sebäpli Türkmenistanyň, döräp biljek wehimi yza tesdirmek üçin, häzirki türgenleşikleri geçirýändigini aýdyp bolar.

Emma, beýleki bir tarapdan, türkmen häkimiýetleriniň awtoritar özeni nazara alnanda, bu [harby türgenleşikleriň] ýurduň içindäki bir konflikte jogap edilip geçirilýändigini hem çaklamaga esas berýär.

Taryhda şular ýaly mysallara biz öň hem şaýat bolupdyk. Bu haçan-da harby döwlet agdarylyşygy boljak mahaly ýa-da, tersine, hökümetiň armiýany öz tarapyna geçirip, agdarylyşygyň öňüni aljak bolýan pursadynda hem geçirilip bilinýär. Men bu ähtimallygy hem aradan aýyrmazdym.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG