Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Rüýanyň ykbaly nähili boldy?


Eje we çaga
Eje we çaga

Mundan bir näçe ýyl ozal ejesi Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan Rüýa atly türkmen gyzjagaza ejesinden aýrylmak howpunyň abanýandygy barada maglumatlar berilipdi.

Rüýanyň ejesi Arzuw Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, bu ýagdaýyň öňüni almak üçin change.org atly sahypada kompaniýa başladylypdy.

"Meni ejemden aýyrmaň" ady bilen başladylan kompaniýanyň goldawçylary barha artdy, şu güne çenli bu çärä ses berenleriň sanynyň 15 müňe golaý bolandygy aýdylýar.

Eýsem şol kompaniýa başlaly bäri nähili tejribeler başdan geçirildi? Onuň nähili netijesi boldy? Arzuw ýaly Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan beýleki türkmenistanlylar bu tejribeden nähili peýdalanyp bilerler?

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginde bu hepde Rüýanyň ykbaly barada gürrüň gozap, sizi hem gepleşigimize gatnaşmaga we bu barada öz pikirdir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.

Gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org salgymyzyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG