Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň minalar boýunça bilermenleri Siriýa bardy


Orsýetiň Siriýadaky howa bazasyndaky söweş uçarlary

Orsýetiň Siriýadaky howa bazasyndaky söweş uçarlary

Orsýetiň Goranmak ministrligi Orsýetiň minalar boýunça bilermenleriniň Siriýa barandygyny we gadymy Palmira şäherinde minalary gözläp tapmak işlerine başlandygyny habar berdi.

Siriýanyň goşunlary Orsýetiň howadan beren goldawyna daýanyp ýaňy-ýakynda Palmira şäherini 10 aýlap öz gözegçiliginde saklan “Yslam döwleti” atly toparyň elinden gaýdyp aldylar.

Orsýet Siriýanyň hökümetine arheologik ýerlerini minalardan arassalamagy teklip etdi.

Goranmak ministrliginiň beýannamasyna görä, minalary ýok etmek boýunça bilermenleriň birinji topary 31-nji martda Orsýetiň Siriýadaky bazasyna barypdyr.
Minalary gözläp, ýaragsyzlandyrmak işiniň birnäçe aýa çekjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG