Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara sudy serb milletçisi Şeşeli bigünä tapdy


Woislaw Şeşeliň sud diňlenişigi, Gaaga, 31-nji mart, 2016
Woislaw Şeşeliň sud diňlenişigi, Gaaga, 31-nji mart, 2016

BMG-niň sudy 31-nji martda Woislaw Şeşeliň uruş jenaýatçylyklary bilen bagly işini diňläp, onuň günäsizdigi barada karar çykardy.

Serb milletçisi 1990-njy ýyllarda Balkanlarda bolan uruşda zorlukly etnik arassalaýyşlary tutaşdyrmakda aýyplanypdy.

61 ýaşly Şeşel Gaaga sudundaky diňlenişige gatnaşmady. Ol 2014-nji ýylda özünde rak keseli tassyklanandan soň tussaglykdan boşadylyp, Serbiýanyň syýasatyna gatnaşýar we suduň kararyna garşylyk bildirmek boýunça ýörişleri geçirmek ugrunda çykyş edýär.

Serbiýanyň öňki prezidenti Slobodan Miloşewiçiň goly astynda wise-premýer bolan Şeşele adamzada garşy jenaýatçylyklar bilen bagly üç waka boýunça aýyplama, şeýle-de Horwatiýada, Bosniýada we Serbiýanyň Woýwodina regionynda etnik arassalaýyşlaryny tutaşdyrmak boýunça uruş jenaýatçylyklary bilen bagly alty sany waka boýunça günä ýöňkelipdi.

XS
SM
MD
LG