Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Daglyk-Garabag konfliktini çözmäge çagyrdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri (s) we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (ç), Waşington, 31-nji mart, 2016
ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri (s) we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (ç), Waşington, 31-nji mart, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasyndaky onlarça ýyllap dowam edýän konfliktden “gutarnykly çykalga” tapmaga çagyrdy.

Kerri bu barada Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen 31-nji martda Waşingtonda geçiren duşuşygynda aýtdy. Aliýew ýadro howpsuzlygy boýunça sammite gatnaşmak üçin Waşingtona bardy.

Aliýew Daglyk-Garabag regionyň üstündäki konfliktiň soňuna çykmak boýunça synanyşyk üçin Birleşen Ştatlara minnetdarlyk bildirdi, emma meseläniň diňe BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Azerbaýjandan “derhal we şertsiz ähli ermeni goşunlarynyň çekilmegine” çagyrýan rezolýusiýasynyň üsti bilen çözülip bilinjekdigini belledi.

Sowet Soýuzynyň dargap başlan ýyllarynda dörän konflikti çözmek boýunça Fransiýanyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň araçylygynda edilen synanyşyklar başa barmady.

Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň içinde ýerleşýär, emma etnik ermenileriň gözegçiliginde galýar.

Şeýle-de Kerri Hazar regionyndan Ýewropa gaz akdyrmak boýunça Günorta gaz ugruny ösdürýän Azerbaýjanyň Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyndaky roluny nygtady.

Taraplar demokratiýa we adam hukuklary meselesini hem ara alyp maslahat etdiler. Kerri Azerbaýjanyň soňky pozitiw ädimlerini makullady we öňegidişlige çagyrdy.

XS
SM
MD
LG