Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko Orsýete garşy sanksiýalaryň dowamyna çagyrdy


Petro Poroşenko, Waşington, 31-nji mart, 2016
Petro Poroşenko, Waşington, 31-nji mart, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Günbatary Orsýet babatyndaky sanksiýalaryny güýjünde saklamaga çagyrdy.

Poroşenko 30-njy martda Waşingtonda geçirilen seminarda eden çykyşynda Ukrainanyň gündogaryna parahatçylyk dolanýança we Kiýewiň Krym bilen bagly bütewüligi dikeldilýänçä sanksiýalar saklanmagy diýdi.

Şeýle-de Poroşenko hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşlerde 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 10 müň adamyň, şol sanda 2700-den gowrak ukrain harbysynyň wepat bolandygyny aýtdy.

Poroşenko Donetsk we Luhansk regionlarynda 1.8 million adamyň öz öýlerini terk etmäge mejbur bolandygyny habar berdi.

Poroşenko ýadro howpsuzlygy boýunça sammite gatnaşmak üçin Waşingtona bardy.

XS
SM
MD
LG