Sepleriň elýeterliligi

Krymly küştçi dünýä derejesine göz dikýär


Sergeý Karýakin

Sergeý Karýakin

MOSKWA - Blokda Orsýetiň bir täze watançy küşt ýyldyzy bar, özi-de krymly.

28-nji martda Moskwada Dünýa boýunça küşt kandidatlarynyň turnirinde gazanylan ýeňiş küşt boýunça grossmeýster, 26 ýaşly Sergeý Karýakine küştde dünýä çempiony diýen at ugrunda norwegiýaly Magnus Karlsen bilen öňümizdäki noýabrda Nýu-Ýorkda güýç synanyşmaga mümkinçilik berdi.

Karýakin kandidatlar turniriniň 14-nji tapgyrynda amerikaly Fabiano Karuanadan üstün çykmak bilen, Wladimir Kramnikden (2008-nji ýyl) bärde küşt boýunça dünýä çempionlygyna dalaş etmäge hukuk gazanan ilkinji orsýetli boldy.

29-njy martda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ol 2009-njy ýyldan bäri wekilçilik edip gelýän ýurdy Orsýet üçin ýaryşda utandygyna guwanýandygyny aýtdy. 1990-njy ýylda Krymyň paýtagty Simferopolda doglan Karýakin, Orsýetiň tarapynda ýaryşlara gatnaşmazdan ozal, oýunlarda Ukraina wekilçilik edipdi. 2009-nji ýylyň iýulynda prezident Dimitriý Medwedew öz permany bilen Karýakine Orsýetiň graždanlygyny berdi.

Karýakin 2009-njy ýylda özüniň oýunlara Orsýet tarapyndan gatnaşmagy karar edendigini, sebäbi Ukrainada gerekli maliýe kömegini we türgenleşigi alyp bilmändigini aýdýar. Orsýetiň Küşt federasiýasy oňa "gowy trenerler bilen işlemäge mümkinçilik" beripdir.

"Şondan soňra Moskwa göçüp geldim. 2009-njy ýyldy. Şondan bäri Moskwada bolýaryn" diýip, Karýakin aýdýar.

"Maňa Moskwadaky oýunlara gatnaşmak gaty rahat boldy. Bu ýerde köp dostlarym, tanyşlarym, tarapdarlarym bar, maşgalam şu ýerde. Geçen ýedi ýyllykda özüm hem eýýäm moskwaly bolup gitdim. Hiç bir problema göremok. Hemmeler goldaw berýärler".

Özüniň saýlap tutan täze watanynda Karýakin Kremli, Orsýetiň Ukraina - Moskwa tarapyndan goldanylan prezidenti häkimiýetden agdaran rewolýusiýany, Krym ýarymadasyny Orsýetiň basyp almagyny we 9100-den köpräk adamyň başyna ýeten separatistik konflikte uçran ýurduň - garşysyna ýöredýän syýasatyny berk goldap gelýär.

2014-nji ýylda Orsýetiň Krymda alyp baran harby operasiýasyndan soň Karýakin Instagramda özüniň bir suratyny ýerleşdiripdir. Bu suratda onuň egninde ors prezidenti Wladimir Putiniň portreti bilen bezelen futbolka, portretiň aşagynda hem "biz öz oglanlarymyzy taşlamarys" diýen ýazgy bar.

"Men bütinleý Orsýetiň tarapynda, sebäbi Krym, bilşimiz ýaly, Orsýete geçdi. Muňa gaty begenýärin, men hemişe özümi ors hasaplap geldim. Men orsça gürleýärin, orsça pikir edýärin. Şol sebäpden men bütinleý ors adamy we döwlet hökmünde Orsýeti doly goldaýaryn" diýip, Karýakin Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Ol Putin barada: "Men ony edýän ähli işlerinde doly goldaýaryn" diýýär.

Ukrainadan gürrüň çykanda, küşt ussady watandaşlarynyň ol ýerde başdan geçirýän kynçylyklaryna gynanýandygyny aýdýar.

Karýakin "Meniň pikirimçe, ukrain krizisi başga mesele. Bu barada uzak wagtlap gürläp bileris. Meniň aýdyp biljek ýeke-täk zadym rahat ýaşaýşa getiren hiç bir rewolýusiýanyň bolmandygy. Dogry, prezident bardy, adamlar garyplykda ýaşaýardylar. Ýöne durmuş belli bir derejede azda-kände dowam edýärdi. Rewolýusiýadan bäri hemme zat ýaramazlaşdy. Uçralan bu kynçylyklara gaty gynanýaryn. Olar rewolýusiýany goldadylar, ýöne ony goldamaýanlar alnan zamuna öwrüldi, sebäbi rewolýusiýanyň tarapdarlary zorluk ulandylar. Men bu bolýan zatlara gaty gynanýaryn. Olary gaýgy edýärin, ýöne nebsimiz agyrsa-da, elimden hiç bir zat düzelenok" diýýär.

Karýakin 12 ýaşyndaka, 2002-nji ýylyň awgustynda, grossmeýster diýen derejä ýeten iň ýaş küştçi boldy.

Şol ýylyň başynda hem ol Ukainanyň grossmeýsteri Ruslan Ponomarýewde soňra resmi taýdan "ikinji" boldy.

Umumy geçmişe garamazdan, Karýakin özüniň ukrain krizisinde Orsýeti goldamagynyň Ponomarýew bilen bolan dostluga zyýan ýetirendigini boýun alýar.

Bu krizisden soňra ol meniň tutan pozisiýamyň edil tersini tutdy diýip, Karýakin aýdýar.

Moskwada gazanan ýeňşinden soň Karýakin indi öz ünsüni küşt ugrundan iň ýokary derejede jemläp, 2013-nji ýyldan bäri küşt boýunça dünýäniň çempiony bolup gelýän Karlsen bilen noýabrda boljak ýaryşa gönükdirýär.

XS
SM
MD
LG