Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkiýä berýän goldawyny tassyklady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç)
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç)

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşygynda Birleşen Ştatlaryň Türkiýäniň howpsuzlygyna degişli borçlaryny ýene tassyklady.

Ak Tam taraplaryň 31-nji martda geçiren gepleşiklerde “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy söweşmek boýunça ýurtlaryň edýän tagallalaryny ara alyp maslahat edendigini habar berdi.

Ak Tamyň maglumatyna görä, Obama Erdogana 31-nji martda Diýarbakirde hüjümde wepat bolanlar sebäpli gynanç bildiripdir.

Türkiýäniň resmileri esasan kürt ilatly şäherde polisiýanyň ulagyna edilen hüjümde polisiýanyň ýedi wekiliniň wepat bolandygyny we 20-den gowragynyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Türkiýäniň prezidentiniň edarasynyň 1-nji aprelde çap eden resmi beýannamasynda NATO guramasyna agza bolan iki ýurduň liderleriniň migrant krizisini çözmek ugrundaky hyzmatdaşlygy we “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşde öz tagallalaryny artdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahat edendikleri habar berildi.

XS
SM
MD
LG