Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Meşhur žurnalist öýünde öli tapyldy


Žurnalist Dmitriý Tsilikin

Žurnalist Dmitriý Tsilikin

Orsýetli tanymal garaşsyz žurnalist Dmitriý Tsilikin Sankt Peterburgdaky öýünde öli tapyldy.

Şäheriň polisiýasynyň 1-nji aprelde aýtmagyna görä, 54 ýaşly Tsilikin pyçaklanyp, ençeme ýaradan heläk bolupdyr. Žurnalistiň azyndan iki gün mudan öň aradan çykandygy aýdylýar.

Polisiýa onuň kompýuteriniň we mobil telefonunyň ýitirim bolandygyny aýtdy.

Tsilikin medeniýete we saza has köp üns beren tanymal žurnalistdi. Şeýle-de ol garaşsyz habar serişdeleri bilen işleşip sosial meseleler we adam hukuklary barada ýazýardy.

Onuň makalalary “Ças Pik”, “Kommersant” “Moskowskiýe Nowosti”, “Wedomosti” we ýene ençeme meşhur gazetlerde çap bolýardy.

2001-2003-nji ýyllarda Tsilikin Orsýetiň RTR telekanalynda iki sany meşhur telegepleşigi alyp barýardy.

Şeýle-de žurnalist AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň gepleşiklerine gatnaşýardy.

XS
SM
MD
LG