Sepleriň elýeterliligi

Kanundaky din azatlygy kontrol astynda


 Baýramaly. Ozalky metjit, indi salgyt gullugynyň edarasy.

Baýramaly. Ozalky metjit, indi salgyt gullugynyň edarasy.

Türkmenistanyň parlamenti özüniň nobatdaky mejlisinde «Dine ynanmak azatlygy we dini guramalar hakynda» kanun kabul etdi.

«Trend» habar gullugynyň türkmen hökümetine salgylanyp ýazmagyna görä, bu kanun Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmagyna esaslanýar we din we dine uýmak azatlygyny kepillendirýär.

Azatlyk radiosy bu täzelik baradaky pikirini sorap, din azatlygy boýunça habarlary çap edýän Forum 18 habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Korliý bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanda we sebitde dini azatlygynyň ýagdaýyny köpden bäri synlaýan ekspert hökmünde, siz bu täzelige, ýagny din azatlygy hakynda kanun kabul edilmegine nähili garaýarsyňyz?

Feliks Korliý: Meniň pikirimçe, regionyň ähli hökümetleri, aýratynam Türkmenistan babatda biz praktikada, iş ýüzünde nämeleriň bolýanyna seretmeli. Ýagny bu ýurtda dini jemgyýetçilikler nähili gün görýär?

Konstitusiýa ýa-da din baradaky kanun nämäni kepillendirse kepillendirsin, ol ýerde praktikada din azatlygy ýok. Hasaba alynmadyk dini aktiwlikleriň ählisi bikanun we sen munuň üçin jezalandyrylyp bilýärsiňiz. Dini edebiýatlara doly senzura girizilen, olary ýurtda çap etmek, daşardan ýurt içine getirmek tasdan mümkin däl. Rugsat alman dini edebiýat getirmäge synanyşan adamlar bolsa jezalandyrylýar. Täze bir dini jemgyýetiň kanuny durum almagy mümkin däl derejede kyn. Rugsat edilen dini jemgyýetleriň bolsa ählisi berk hökümet kontrollygynda saklanýar.

Diňe döwlet geňeşi tarapyndan goldanylýan metjitlere işlemek rugsady berilýär. Sünni musulman metjidi bolmasaň, gaty kyn, birnäçe şaýy musulman metjidi bar, emma olar berk çäklendirmeler astynda işleýär. Beýleki dini jemgyýetler barada gürrüň edilende, hatda bir protestant ybadathanasy Daşoguzda döwlet tarapyndan hasaba hem alnan, emma olaryň duşuşmak mümkinçiligi ýok. Sebäbi olaryň jaýy ýok, döwlet basyşy sebäpli, olaryň ýanyna barýan hem ýok. Eger olar hususy ýagdaýda duşuşsalar, bu bikanun bolýar. Çünki Türkmenistanda wyždan azatlygy diýen zat ýok.

Azatlyk radiosy: Türkmenistan bir tarapdan kanunda raýatlara din azatlygyny berýär, ikinji tarapdan bolsa, siziň aýtmagyňyz boýunça, din azatlygyny çäklendirýär. Munuň sebäbi näme: näme üçin hökümet bir zat aýdýar, emma başga zat edýär?

Feliks Korliý: Türkmenistanyň hökümeti näme üçin beýle edýänini hiç wagt düşündirmeýär we hatda öz raýatlaryna ýa başga birine düşündirmek gerekdir hem öýtmeýär. Bu demokratik döwlet däl we adamlar bu ýerde öz sesini eşitdirip bilmeýär. Onsoň biz diňe hökümetiň näme üçin beýle hereket edýänini çaklap bilýäris. Görnüşinden, hökümet ýurtdaky hemme zady kontrol astynda saklamak isleýär. Bu metbugaty, profsoýuzlary, raýat jemgyýetini tutuşlygyna, şol sanda dini hem öz içine alýar. Hökümet hemme zada kontrollyk edýär. Musulman jemgyýetine içinden kontrollyk edilýär. Esasy ymamlaryň ählisini, regional derejelere çenli, hökümet belleýär. Beýleki jemgyýetler hem berk gözegçilik astynda saklanylýar. Şeýlelikde bu bar bolup bilşi, hökümet, biziň şu wagta çenli görşümizden, şunuň ýaly bolup galmagy niýet edinýär.

Azatlyk radiosy: Siziňçe, hemme zady kontrol astynda saklajak bolmagyň sebäbi näme?

Feliks Korliý: Sebäbi bu ähli diktaturalara mahsus zat, hökümet öz pozisiýasy babatda aladalanýar, hemişe nähilidir bir ýol bilen häkimiýetden çetleşdirilerin öýdüp gorkýar. Şu sebäpden diktaturalar kontrola bil baglaýar, ýagny öz dolandyryşyna hiç bir garşylygyň döremezligi üçin tutuş jemgyýeti kontrolda saklaýar. Netijede, bu dini guramalara kontroly hem öz içine alýar. Ýogsam bolmanda, döwlet olara kontrollyk etmek islese-de, Türkmenistanda bar bolan uly ýa kiçi dini jemgyýetleriň köpüsinden döwlete howp abanmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG