Sepleriň elýeterliligi

Krym: Tatar dilinde täze telewideniýe işläp başlady


Krym ýarymadasy, 1-nji aprel, 2016

Krym ýarymadasy, 1-nji aprel, 2016

Krym tatarlarynyň dilindäki täze satelit telewideniýesi Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda gepleşik berip başlady. Mundan öň ýarymadanyň Orsýet tarapyndan goýlan häkimiýetleri tatar dilindäki ähli garaşsyz habar serişdelerini ýapypdy.

Hökümet baştutanynyň orunbasary Ruslan Balbek “Millet” atly täze telekanalyň maksadynyň "Orsýete garşy propaganda garşy göreşmekden" ybaratdygyny aýtdy.

Krym tatarlarynyň jemgyýeti geçen ýylyň awgust aýynda kanalyň resmi hasaba alnan wagtynda garşy çykyş edip, ony “Kremliň propaganda guraly” diýip atlandyrypdy. Kanal sentýabr aýynda synagly gepleşiklerine başlapdy.

Telekanalyň gepleşikleri Orsýetiň “Ýamal 401” sateliti arkaly Orsýetde, Ukrainada, Merkezi Aziýada we Türkiýede görkeziler, diýip media serişdesiniň baş müdiri Seýran Mambetow 1-nji aprelde aýtdy.

Bir ýyl mundan ozal Krymyň Orsýet tarapyndan goldanýan häkimiýetleri Krym tatarlarynyň ATR telekanalyny we onuň birnäçe bölümini ýapypdy.

XS
SM
MD
LG