Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukrainanyň howpsuzlygyna $335 million berjek diýýär


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (ç) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s)
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (ç) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s)

Ak Tam Ukraina 335 million dollar möçberinde “howpsuzlyk kömegini” berjekdigini mälim etdi. Bu karar ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Bideniň Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen 31-nji martda geçiren duşuşygynyň yzýany yglan edildi.

2014-nji ýylda Orsýetiň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmeginden we Ukrainanyň gündogarynda separatistik gozgalaňyň döremeginden soň agyr ykdysady çözkgünliligi başdan geçirýän Kiýew kömege uly mätäçlik çekýär.

Emma ABŞ Ukrainanyň Gübatara tarapdar hökümetini goldaýan hem bolsa, ýurtdaky korrupsiýa barada uly aladalanma bildirýär.

Bu aladalanmalar şu hepdäniň başynda ukrain parlamenti ýokary derejedäki korrupsiýanyň derňelmegine päsgelçilik döretmekde aýyplanan ýurduň baş prokuroryny wezipesinden çetleşdirende hem öňe sürlüpdi.

Ak Tamyň habar bermegine görä, Biden Kiýewiň reformalary geçirjek täze hökümeti döreden ýagdaýynda kömegiň beriljekdigini Poroşenka duýdurypdyr.

XS
SM
MD
LG