Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalistini öldüren bäş adama iş kesildi


Žurnalist Rasim Aliýew
Žurnalist Rasim Aliýew

Azerbaýjanda bäş adam milli futbol komandasyny tankyt eden žurnalisti urup öldürmek üçin 13 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi.

30 ýaşly Rasim Aliýew urlup-ýenjilmeginiň ertesi 2015-nji ýylyň 9-njy awgusynda Bakuwyň keselhanasynda aradan çykdy.

Bakuwyň Agyr jenaýatçylyklara garaýan sudy bäş adamy žurnalistiň ölümine sebäp bolan agyr şikesleri ýetimekde günäli tapdy we Elşan Ismaýilowy 13, Arif Aliýewi 12 ýarym, Jamal Mammadowy 11, Samir Mustafaýewi we Kanan Madatowy 9 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Aliýew özüniň “Kabala” futbol komandasynyň we Azerbaýjanyň milli komandasynyň oýunçysy Jawid Huseýnowyň tarapdarlarynyň hüjümine sezewar bolandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG