Sepleriň elýeterliligi

Azeri žurnalistini öldürenlere iş kesildi


Azerbaijan. Baku. Journalist Rasim Aliyev

Azerbaijan. Baku. Journalist Rasim Aliyev

Azerbaýjanda milli futbol ýyldyzyny tankytlan žurnalisti ýenjip öldürenligi üçin bäş adama 9 ýyldan 13 ýyla çenli türme tussaglygy berildi.

30 ýaşly Rasim Aliýew özüne hüjüm edileninden bir gün soňra, 2015-nji ýylyň 9-njy awgustynda Bakuwyň bir keselhanasynda aradan çykdy.

Bukuwyň agyr jenaýat işlerine garaýan kazyýeti 1-nji aprelde bäş adamy žurnaliste şikes ýetirip, onuň ölümine sebäp bolanlykda günäli tapdy. Netijede Elşan Ysmaýylowa 13 ýyl, Aryf Aliýewe 12.5 ýyl, Jamal Mammadowa 11 ýyl, Sami Mustafaýew bilen Kanan Madatowa hem 9 ýyl türme tussaglygy berildi.

Aliýew keselhanada ýatyrka özüne hüjüm edenleriň Azerbaýjanyň milli futbol toparynyň oýunçysy Jawid Huseýnowyň tarapdarlarydygyny aýtdy. Aliýew "Facebook" saýtynda Huseýnowy tankytlapdy. Ol futbolçynyň 6-njy awgustda Kiprde özüni alyp barşyny ýazgaryp, onuň Ýewropa ýaryşlaryna goýberilmezligine çagyrypdy.

Problema Kiprdäki ýaryşdan başlady

Kiprde geçen oýundan soňra Huseýnow Türkiýäniň baýdagyny galgatdy. Bir grek žurnalisti ondan näme üçin bu işi edendigini soranda bolsa, ol edepsizlik bilen elini bulady.

Aliýew "Ýewropanyň futbol meýdanlarynda ahlaksyz, edepsiz we özüne erk etip bilmeýän bir adamynyň" maňa wekilçilik etmegini islämok diýip ýazypdy.

Aliýewiň aýtmagyna görä, soňra oňa bir adam iki gezek jaň edip, özüniň Huseýenowyň ýegenidigini aýdyp, oňa gaharlanyp gygyrypdyr. Ol adam ýene bir gezek jaň edip, özüniň öňki jaňy üçin ötünç sorap, oňa bu ýagdaý barada çaý başynda gürleşeli diýipdir.

Aliýew bu adam bilen duşuşmak üçin baryp, onuň bilen salamlaşjak bolup ulagdan düşen ýerinde oňa arkadan hüjüm edilipdir.

Huseýenow jenaýaty habar bermän, ony bassyr-ýussur edenlikde aýyplandy. Oňa aýratyn sud prosesi garaşýar.

Futbolçy özüniň bu işde eliniň ýokdugyny aýdýar. Eger günäli tapylsa, onda oňa üç ýyla çenli türme tussaglygy berler.

Žurnalistiň kakasy nägile

Öldürilen žurnalistiň kakasy Mammadali 1-nji aprelde hökümden kanagatlanma bildirip: "Bularyň hemmesi jeneýatkär. Olar meniň oglumy bilkastdan öldürdiler. Olar meniň oglum bilen duşuşmazdan öň bu hüjümi planlaşdyryp, soňra ony öldürdiler" diýdi.

Ýöne höküm edilen bäş adamyň garyndaşlary kazyýetiň karary adalatsyz diýip, özleriniň appelýasiýa suduna ýüz tutjakdyklaryny aýdýarlar.

Ýyl kesilen bäş adam hem özleriniň Aliýewi öldürmegi planlaşdyrmandyklaryny aýdyp, onüň ölümine sebäp bolan keselhananyň doktorlarynyň geleňsizligi diýýärler.

Aliýew garaşsyz we tanymal žurnalistdi. Ol ozal Azerbaýjanda medianyň erkinligi ugrunda iş alyp baran we soňra hem işini togtatmaga mejbur edilen "Reportýorlaryň Erkinligi we Howpsuzlygy" atly guramada işläpdi.

Ol ilkinji hüjüm däldi

Aliýew öz professional işi bilen bagly ozal ençeme gezek hüjüme uçrady. Ol 2013-nji ýylda Bakuwda geçen bir protest ýörişinden habar berip durka polisiýa tarapyndan ýenjildi. Oňa dowamly haýbat atyldy.

Azerbaýjandaky garaşsyz we oppozision žurnalistler Aliýewiň ýenjilip öldürilmegi ýurtda hökümeti tankytlaýan žurnalistlere hüjüm etseň, jeza ýok diýen pikiriň giňden ýaýrandygyny görkezýär diýdiler.

Derňeýji žurnalist Şahweled Çobanogly geçen awgustda Aliýew Bakuwyň golaýynda Mehdiabad obasynda jaýlananda: "Hemmeler žurnalistlere hakimiýet başyndakylaryň çemeleşişi ýaly çemeleşmelidir öýdýärler" diýdi.

Çobanogly soňra hem: "Polisiýanyň žurnalistleri ýenjip, jezasyz galýandygyny görýän adamlar metbugatyň garşysyna zorluk ulanyp bolýar diýip pikir edýärler" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG