Sepleriň elýeterliligi

Obama ýadro howpsuzlygy üçin köp işe çagyrýar


Prezident Barak Obama

Prezident Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama dünýä liderlerini ýadro desgalarynyň goragyny berkitmek, «Yslam döwleti» ýaly «dälileriň» ýadro ýaragyna» eýe bolmagyna ýol bermezlik üçin has kän tagalla etmäge çagyrdy.

Obama bu çagyryşy 1-nji aprelde, Waşingtondaky ýadro sammitiniň soňunda etdi. Obamanyň ýadro terrorizminden gorag üçin atom materiallarynyň berk saklanylmagyna gönükdirilen dördünji we ahyrky sammitine dünýäniň 50 çemesi lideri gatnaşdy.

Obama ýadro terrorizmini 21-nji asyr dünýäsiniň iň uly wehimleriniň biri atlandyrdy. Ol hiç bir toparyň bomba materiallaryny ele salmagy başarmandygyny, emma «Al-Kaýdanyň» bu ugurda uzak tagalla edendigini aýtdy.

Çagyryşlaryna garamazdan, sammite toplanan 50 çemesi lider bu ýyl geçirilen ýygnanyşygyň şeýle duşuşyklaryň soňkusy boljagyny yglan etdi.

Maslahata gelmedikleriň arasynda Orsýetiň wekiliniň bolmazlygy aýratyn göze ildi, bu ýurt özüniň Ukrainadaky we beýleki meselelerdäki hereketleri sebäpli günbatar bilen sowaşyp ýör.

XS
SM
MD
LG