ABŞ-nyň wise prezidenti Jo Baýden 1-nji aprelde Ermenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen aýry-aýrylykda duşuşyp, olary Dagly-Garabag konfiliktini parahatçylykly çözmäge çagyrdy.
Baýden dowam edýän zorluk babatda öz aladasyny bildirdi, dialoga çagyrdy we sebitde uzak möhletli durnuklylyk, howpsuzlyk we abadançylyk üçin hemmetaraplaýyn ylalaşygyň möhümdigini nygtady diýip, Ak tam aýtdy.
Kawkaz liderleriniň ikisi hem, öz gezeklerinde, Birleşen Ştatlaryň ylalaşyga gelmek meselesinde aktiw rol oýnamagyndan hyjuwlanandyklaryny aýtdylar.