Sepleriň elýeterliligi

AI: Türkiýe siriýalylary uruş zonasyna kowýar


 John Dalhuisen, Halkara Günä geçiş guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça direktory

John Dalhuisen, Halkara Günä geçiş guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça direktory

Amnesty International Türkiýäni soňky aýlarda müňlerçe siriýalyny yzyna, bikanun ýagdaýda öz uruşdan tozan ýurtlaryna ibermekde günäledi.

Adam hukuklaryny goraýan topar Türkiýe ýanwaryň ortasyndan bäri her gün diýen ýaly 100 çemesi erkegi, aýaly we çagalary yzyna çykaryp kowýar diýdi.

"ÝB liderleri görnetin faktlara bilkastdan göz ýumdular: Türkiýe siriýaly bosgunlar üçin howpsuz ýurt däl» diýip, Halkara Günä geçiş guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça direktory John Dalhuisen 1-nji aprelde aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi siriýalylaryň öz meýillerine garşy yzlaryna iberilýändigini ret etdi, emma Ýewropa Komissiýasynyň sözçüsi öz edarasynyň bu aýdylýanlara çynlakaý garaýandygyny we olar barada Ankara bilen gürleşjekdigini aýtdy

Bu habar Gresiýanyň indiki hepde migrantlary we bosgunlary yzyna, Türkiýä deportasiýa edip başlamak planynyň öň ýanyndan peýda boldy.

Afinadaky kanun çykaryjylar 1-nji aprelde, bosgunlaryň yzyna iberilmegine rugsat berilmegi üçin, parlamentden çalasyn geçirilýän goldaýjy kanun taslamasyny sese goýdular we bu proses 4-nji aprelden gijikmän başlanylyp biler.

Bu operasiýa netijesinde grek adalaryna 20-nji martdan soň gelen migrantlar we bosgunlar gämilere ýüklenip, yzlaryna, Türkiýä ýollanar.

Türkiýe bilen golaýda baglaşylan ylalaşykdan soň, olaryň derhal deportasiýa edilmegi Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hem goldaw tapdy we Gresiýadaky tussag lagerlerinde has kän zorlugyň döremegine itergi berdi.

Gresiýanyň Çios adasynyň häkimiýetleri birnäçe ýüz adamyň hyryn-dykyn tussag lagerlerinden dyzap, özlerine ýol arçap, 1-nji aprelde adanyň esasy şäherinde parahatçylykly protest gurnandyklaryny we «azatlyk, azatlyk», «Türkiýe däl» diýip gygyrandyklaryny aýdýar.

2-nji aprelde adada has köp protest geçirmek planlaşdyrylýar.

Grek resmileri bu tankyda göni jogap bermediler, emma tussaglykdaky gaçybatalga gözleýjileriň hukuklarynyň goralýandygyny aýdyp, aýak depdiler.

"Men özümiziň, adamlaryň toslamlaryny däl, şu wagtky ýagdaýlaryň talap edýän zadyny, adam hukuklary proseduralaryny berk berjaý etjegimize ynandyrýaryn” diýip, migrasiýa meseleleri ministri Ioannis Mouzalas 1-nji aprelde parlamente aýtdy.

Ženewada, Şweýsariýada BMG-niň Bosgunlar edarasy Gresiýany we Türkiýäni, yzyna bermek başlanmazdan öň, gyçybatalga gözeýjileriň goşmaça kepilliklerini üpjün etmäge çagyrdy.

Bosgunlar edarasy grek adalarynda tussaglykda saklanylýan 4 müňden gowrak adamyň şertleriniň gün-günden ýaramazlaşýandygyny belledi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG