Sepleriň elýeterliligi

Dagly-Garabagda atyşyk başlandy


Ermenistanyň goranmak ministri Seýran Ohanian Dagly-Garabaga sapar edýär. 11-nji fewral, 2016.

Ermenistanyň goranmak ministri Seýran Ohanian Dagly-Garabaga sapar edýär. 11-nji fewral, 2016.

Azerbaýjanyň içindäki dawaly ýer bolan Dagly-Garabagda agyr söweşleriň barýandygy habar berildi.

Ermeni harbylary Azerbaýjanyň güýçlerini, tanklaryň, agyr toplaryň we dikuçar pulemýotlarynyň ulanylmagynda, uly hüjüme başlamakda günäledi.

Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleri öz serhetýaka güýlerine öten agşam «güýçli ok ýagdyrylandygyny» we azeri goşunynyň gaýtawul bermek üçin «gyssagly çäreleri» görendigini aýtdy.

Dagly-Garabag Azerbaýjanyň içinde ýerleşýär, emma ermenileriň kontrollygynda galýar.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi «iki tarapdan hem pidalaryň bolandygyny», söweşiň dowam edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG