Sepleriň elýeterliligi

Türk žurnalistlerine ömürlik tussaglyk garaşýar


«Jemhuriýet» gazetiniň baş redaktory Can Dundar we gazetiň Ankara wekili Erdem Gul.

«Jemhuriýet» gazetiniň baş redaktory Can Dundar we gazetiň Ankara wekili Erdem Gul.

Iki türk žurnalistini içalyçylykda we terrorçy guramalara kömek bermekde aýyplaýan we Türkiýede metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada alada döreden ýapyk sud gaýtadan başlandy.

«Jemhuriýet» gazetiniň baş redaktory Can Dundar we gazetiň Ankara wekili Erdem Gul, döwlet syryny açmakda günäli tapylsalar,ömürlik tussaglyk bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Olar hökümetiň siriýa pitneçilerine ýarag gaçakçylygy diýilýän barada habar taýýarlapdylar

Bu jübüt Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň garşydaşy Fethulla Gülen tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän aram yslam hereketine kömek bermekde aýyplanýar.

Olaryň tarapdarlary Stambuldaky sud howlusynda 1-nji aprelde «azat metbugat sem edilip bilinmez» diýip gygyryşdylar.

XS
SM
MD
LG