Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagly-Garabagda agyr söweşler barýar


Dagly-Garabagda söweş başlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Dagly-Garabagda söweş başlandy

Azerbaýjanyň içindäki dawaly ýer bolan Dagly-Garabagda agyr söweşleriň barýandygy habar berildi. Iki tarap hem bir-birini ilki söweşe başlamakda günäleýär.

Ermeni harbylary Azerbaýjanyň güýçlerini, tanklaryň, agyr toplaryň we dikuçar pulemýotlarynyň ulanylmagynda, uly hüjüme başlamakda günäledi.

Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleri öz serhetýaka güýlerine öten agşam «güýçli ok ýagdyrylandygyny» we azeri goşunynyň gaýtawul bermek üçin «gyssagly çäreleri» görendigini aýtdy.

Dagly-Garabag Azebaýjanyň içinde ýerleşýär, emma etniki ermenileriň kontrollygynda galýar.

Ermenistanyň premýer-ministri Ovik Abrahamýan «duşman tarapdan görülmedik derejedäki uly duşmançylyk sebäpli gyssagly ýygnak geçirdi» diýip, ermeni hökümeti aýtdy.

"Ermenistan ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmäge taýýar» diýip, Abrahamýan aýtdy.

Moskwada, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem, rus mediasynyň maglumatlaryna görä, iki tarapy hem söweşi togtatmaga çagyrdy.

Orsýetiň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow prezident Putiniň «Dagly-Garabag aragatnaşyk liniýasynyň boýunça harby hereketleriň gaýtadan başlanmagy baradaky habarlardan çuň alada galandygyny aýtdy.

Garabagyň Goranmak ministrligi öz taraplarynda 12 ýaşly oglanyň öldürilendigini, ýene iki çaganyň ýaraly bolandygyny aýtdy, Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi bolsa bir azeriniň ölendigini aýdýar.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi «iki tarapdan hem pidalaryň bolandygyny», söweşiň dowam edýändigini aýtdy.

Ministrlik bu ýagdaýy 1994-nji ýyldaky ýaraşykdan bäri konflikt söweşiniň iň çynlakaý ýitileşmesi atlandyrdy we Birleşen Ştatlary, Orsýeti we Fransiýany – konflikte araçylyk etmäge gatnaşan ähli halkara tagallaçylaryny – gyssagly gatyşmaga çagyrdy.

Garabagyň Goranmak ministrligi «aragatnaşyk liniýasynyň tutuş boýunda gazaply çaknyşyklaryň barýandygyny» aýtdy.

Garabag güýçleri Azerbaýjanyň harby dikuçaryny urup ýykandygyny aýtdy. Emma bu habar garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi.

Bu konflikt Sowet Soýuzynyň dargaýan ýyllarynda başlanyp, 30 müň çemesi adamyň ölümine getiripdi.

Bu söweş Waşingtonyň konflikti çözmek baradaky täze çagyryşlarynyň edilen wagtyna gabat geldi.

ABŞ-nyň wise prezidenti Jo Baýden Waşingtonda, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen geçiren duşuşyklarynda şeýle çagyryş etdi.

Baýden dowam edýän zorluk babatda öz aladasyny bildirdi, dialoga çagyrdy we sebitde uzak möhletli durnuklylyk, howpsuzlyk we abadançylyk üçin hemmetaraplaýyn ylalaşygyň möhümdigini nygtady diýip, Ak tam aýtdy.

Kawkaz liderleriniň ikisi hem, öz gezeklerinde, Birleşen Ştatlaryň ylalaşyga gelmek meselesinde aktiw rol oýnamagyndan hyjuwlanandyklaryny aýtdylar.

Baýden ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň biraz öň, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen 31-nji martda, Waşingtonda duşuşanda eden çagyrşyny, bu konflikte «gutarnykly çözgüt» tapmak çagyryşyny gaýtalady.

Alyýew Kerri bilen duşuşykda Birleşen Ştatlara bu konflikti soňlamak baradaky synanyşygy üçin sag bolsun aýtdy, emma ol bu meseläniň diňe BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Ermenistanyň goşunlarynyň Azerbaýjandan derhal we hiç bir gep-gürrüňsiz çykmagyna çagyrýan rezolýusiýasy bilen çözülip bilinjekdigini hem sözüne goşdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG