Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzuw: Türkmenler gorkup otyr


Eneli-gyz
Eneli-gyz

Türkiýede bikanun ýaşaýan we deportasiýa edilip, çagasyndan aýrylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmen raýaty Arzuw «türkmenlerden goldaw gelenok, Türkmenistanyň adamy kyrk ýyl daşary ýurtda ýaşasa-da, içinde ýene şu gorky bar, ...türkmenler gorkup otyr» diýýär.

Ýatladýarys, Azatlyk radiosy geçen ýylyň dekabrynda Türkiýede bikanun ýaşaýan ejesine deportasiýa edilmek howpy abanan Rüýanyň «Meni ejemden aýyrmaň» diýen at bilen başlan kampaniýasy barada habar beripdi.

"Meni ejemden aýyrmaň" ady bilen başladylan kompaniýanyň goldawçylary barha artdy, şu güne çenli bu çärä ses berenleriň sanynyň 15 müňe golaý bolandygy aýdylýar.

Eýsem şol kompaniýa başlaly bäri nähili tejribeler başdan geçirildi? Onuň nähili netijesi boldy? Arzuw ýaly Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan beýleki türkmenistanlylar bu tejribeden nähili peýdalanyp bilerler?

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginde bu hepde Rüýanyň ykbaly barada gürrüň gozgap, sizi hem bu ugurdaky pikir-oýlaryňyzy paýlaşmaga çagyrýarys.

Arzuw: Türkmenler gorkup otyr
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG