Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku atyşygy bes etmäge çagyrýar


Dagly-Garabagda ýaralanan çagalar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

Dagly-Garabagda ýaralanan çagalar

Azerbaýjanyň içindäki dawaly sebitde, Dagly-Garabagda azeri hem ermeni güýçleriniň arasynda başlanan agyr söweş 3-nji aprelde, tapgyr ikinji gün hem dowam etdi.

Bu sebit iki onýyllykdan gowrak wagt bäri etniki ermenileriň kontrolynda.

Separatist güýçler 3-nji aprelde garşylykly hüjüme geçendiklerini we azeri güýçleriniň bir gün ozal ilerlän strategik belentligini yzyna alandyklaryny aýdýarlar.

Garabagyň demirgazyk-gündogarynda we Ermenistan bilen Azerbaýjanyň aragatnaşyk liniýasynyň iň günorta böleginde, Eýranyň gabadynda barýan söweş «gazaply» diýlip häsiýetlendirildi.

Separatist liderler öz güýçleriniň Azerbaýjanyň goşunlaryny demirgazykdaky Taliş obasynyň golaýyndaky «taktiki taýdan wajyp» pozisiýalardan yza serpikdirendiklerini, Azerbaýjanyň saldamly ýitgi çekendigini aýdýarlar.

Şeýle-de separatistler günortada Azerbaýjanyň üç tankyny, bir bronly tehnikasyny hatardan çykarandyklaryny aýdýarlar.

Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleri bu aýdylýanlary ýalana çykaryp, «Ermenistan 2-nji aprelde ýitiren pozisiýalaryny yzyna almaga şowsuz synanyşyk etdi» diýdi.

Mundanam başga, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 3-nji apreldäki söweşde 10 sany ermeni tankyny hatardan çykarandyklaryny aýtdy, emma etiniki ermeni söweşijileriniň sözçüsi Senor Hasratiýan bu aýdylýanlary ret etdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 3-nji aprelde, tapgyr ikinji gün söweş barýan dawaly sebitde, Dagly-Garabagda özleriniň atyşygy bir taraply ýagdaýda bes etmäge çagyrýandyklaryny aýtdy.

Ministrlik bu kararyň halkara guramalarynyň çagyryşlary zerarly kabul edilendigini aýtdy.

Şeýle-de ministrlik Azerbaýjanyň 2-nji aprelden bäri kontrol astyna alan pozisiýalarynda berkleşjekdigini aýtdy. Bu çaknyşyklarda azyndan 12 azeri esgeriniň, 18 ermeni esgeriniň we asuda ilatdan iki adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Ministrlik, eger ermeni goşunlary ýa-da etniki ermeni separatistleri hüjüm etse, Azerbaýjanyň goşunlarynyň ot açmak bilen gaýtargy berjekdigini aýtdy.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi Bakuwyň atyşygy bes etmek baradaky we beýleki beýanatlaryny, «maglumat hilegärligi» hökmünde ýalana çykardy.
Dagly-Garabagyň etniki ermeni lideri Dawid Babaýan hem Azerbaýjanyň atyşygy kesendigini ýalana çykaryp, Azerbaýjanyň harby operasiýalarynyň dowam edýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi biraz öň ermeni ýaragly güýçleriniň geçen 24 sagadyň dowamynda dawaly region bolan Dagly-Garabagda 21 ýyllap saklanylan ýaraşyk düzgünlerini 130 gezekden gowrak bozandygyny aýdypdy.

Taraplaryň ikisi hem täze söweşi başlamakda bir-birini günäledi.

Ermenistanyň Ýaragly güýçleri Azerbaýjanyň güýçleriniň tanklary, agyr toplary we dikuçar pulemýotlaryny ulanyp, uly söweşe başlandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleri özüniň front liniýasyndaky goşunlaryna «intensiw ot açylandygyny» we azeri goşunlarynyň «gyssagly jogap çärelerini» görmeli bolandygyny aýtdy.

Ministrlik Azerbaýjanyň bir dikuçarynyň urlup ýykylandygyny, bir tankynyň bolsa mina partlamasy netijesinde hatardan çykandygyny aýtdy.
Ministrlik goşunyň sebitdäki «strategik belentlikleri we ilatly nokatlary azat edendigini» aýtdy.

"Alty sany ermeni tanky hatardan çykaryldy, 100-den gowrak ermeni harby gullukçysy öldürildi we ýaralandy» diýip, beýanatda aýdylýar.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan azeri goşunlary 18 sany etniki ermeni esgerini öldürdi diýdi.

"Biziň tarapymyzdan 18 esger öldürildi, 35-si bolsa ýaralandy» diýip, Sarkisýan Ýerewanda, Milli howpsuzlyk geňeşiniň duşuşygynda aýtdy diýip, onuň metbugat gullugy habar berdi.

Ol bu esgerleriň Dagly-Garabagda Ýerewan tarapyndan goldanylýan separatist güýçlere ýa-da Ermenistanyň Ýaragly güýçlerine degişli bolandygyny anyklaşdyrmady.

Regiondan gelýän habarlarda asuda ilatdan hem iki adamyň, şol sanda 12 ýaşly oglanyň öldürilendigi aýdylýar.

ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary, ilçiler - Orsýet Federasiýasyndan Igor Popow, ABŞ-dan James Warlik, Fransiýadan Pierre Andrieu – ähli taraplary derhal atyşygy bes etmäge hem-de wakanyň bolan ýerinde durnuklaşma üçin zerur bolan çäreleri görmäge çagyrdy.

“Biz güýç ulanylmagyny berk ýazgarýarys we bimany adam ýitgilerine, şol sanda asuda ilatdan adam ölmegine gynanýarys» diýip, beýanatda aýdylýar.
Olar konflikti parahatçylykly gepleşikler arkaly çözmekden başga alternatiwanyň ýokdugyny, urşuň çykalga däldigini gaýtaladylar.

Warlik twitterde ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklarynyň 4-nji martda Wenada duşuşyp, Minsk toparynyň 5-nji aprelde bu meseläni çözmek barada maslahat etjekdigini aýtdy.

Rus metbugatynyň habarlaryna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin iki tarapy hem söweşi bes etmäge çagyrdy. Orsýet bu konfliktiň iki tarapyna hem ýarag satdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefonda aýry-aýrylykda ermeni we azeri kärdeşleri bilen gürleşip, olary asudalyga çagyrdy diýip, Orsýetiň Daşary işler ministrligi aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri atyşygy bes etmek düzgünleriniň bozulmagyny berk ýazgarmak bilen, Waşingtonyň ýitgi çeken maşgalalaryň ählisine duýgudaşlygyny bildirdi.

“Biz taraplary sabyrlylyk görkezmäge, ýagdaýy mundan aňryk ýitileşdirmekden gaça durmaga hem-de ýaraşyk şertlerine berk eýermäge çagyrýarys» diýip, Kerriniň 2-nji apreldäki beýanatynda aýdylýar.

ABŞ-nyň baş diplomaty bu konflikte harby çözgüdiň ýokdugy baradaky sözlerini gaýtalady.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini hem taraplary derhal söweşi bes etmäge we atyşygy kesmek düzgünlerini saklamaga çagyrdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG