Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minadan saplaýjylar ogurlandy


Minalaryň zyýansyzlandyrylýan pursaty. Helmand, 18-nji fewral, 2015
Minalaryň zyýansyzlandyrylýan pursaty. Helmand, 18-nji fewral, 2015

Owgan resmileri ýurduň günbatarynda 11 sany minadan saplaýjynyň ýaragly adamlar tarapyndan ogurlanandygyny aýdýar.

Hyrat welaýatynyň polisiýasy 2-nji aprelde ogurlanan 11 adamyň ählisiniň HALO Ynam minadan saplaýyş guramasynyň işgäri bolandygyny we olaryň 1-nji aprelde alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Bu sebitde ogurlanan adamlary azat etmek üçin harby operasiýa başlandy we güman edilýän alty adam tutuldy diýip, polisiýa aýtdy.

Ýerli tire liderleri ol adamlaryň boşadylmagy barada gepleşmäge synanýar.

Owganystanda pul üçin adam ogurlamak giň ýaýran we minadan saplaýjylar, gyrak-çetde işlänsoňlar, ýeňil nyşana bolup durýar.

XS
SM
MD
LG