Sepleriň elýeterliligi

Brýussel aeroporty işini dikeldýär


Belgiýa polisiýasy

Belgiýa polisiýasy

Brýussel aeroporty 3-nji aprelde ýolagçy gatnawlary üçin bölekleýin gaýtadan açylýar.

Aeroportyň işi 12 gün ozal, "Yslam döwleti» toparynyň janyndan geçen bombaçylarynyň hüjümine sezewar bolanyndan soň togtadylypdy.

Aeroportyň baş ýerine ýetirijisi Arnaud Feist hyzmatlaryň gaýtadan açylyşynyň «simwolik ýolagçy gatnawlary» bilen, 3-nji aprelde Faro - Portugaliýa, Afina - Gresiýa, Turine – Italiýa uçýan uçarlar bilen başlanjagyny aýtdy.

Ýurduň esasy aeroporty 22-nji martda iki sany güman edilýän terrorçy uçar meýdanynyň ugradyş zalynda özlerini partladanyndan soň, ýolagçy uçarlaryny uçurmady.

Şonda Brýusselde bolan partlamalarda 32 adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG