Sepleriň elýeterliligi

Palmirada köpçülik mazary tapyldy


Palmira

Palmira

Siriýanyň goşunlary taryhy Palmira şäherini «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna alanlaryndan soň, bu ýerde 40 çemesi adam jaýlanan köpçülik mazarlygyny tapandygyny aýdýar.

SANA habar gullugynyň 2-nji apreldäki habaryna görä, jaýlananlaryň arasynda erkekler bilen bir hatarda aýallaryň, çagalaryň jesetleri hem bar. Käbir jesetleriň kelleleri kesilen diýip, habarda aýdylýar.

Bir çeşme AFP habar gullugyna ol ýerde jaýlanan pidalaryň 24-siniň asuda ilatdan bolandygyny aýtdy.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy «Yslam döwleti» toparynyň bu ýerde azyndan 280 adamy jezalandyryp öldürendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG