Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Suw baýramyny belleýär


Türkmenistan,grantdan gelýän hapa suw

Türkmenistan,grantdan gelýän hapa suw

Türkmenistan ýekşenbe güni «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramçylygyny geçirýär.

Suw baýramçylygy, adat bolşy ýaly, suw ýakalarynda, derýalaryň, kölleriň we kanallaryň boýlarynda geçirilýär. Baýramçylyk gününde ýurduň suw hojalygy toplumynyň öňdebaryjy işgärlerine prezidentiň adyndan döwlet sylaglary, pul baýraklary we gymmatbaha sowgatlar gowşurylýar.

«Suw damjasy – altyn dänesi» baýramçylygynyň esasy dabarasy Aşgabatda, Garagum kanalynyň boýunda geçirilýär. Bu ýerde köpçülikleýin gezelençler, Türkmenistanyň suw we oba hojalyk işlerinde gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergiler, aýdym-saz konsertleri, sport ýaryşlary guralýar.

Baýramçylygyň myhmanlary agaç nahallaryny oturtmaga hem gatnaşyp bilerler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG