Sepleriň elýeterliligi

Baku, Ýerewan bir-biregi aýyplaýar


Dagly-Garabagda ýaralanan 12 ýaşly Gevorg Grigorýan

Dagly-Garabagda ýaralanan 12 ýaşly Gevorg Grigorýan

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 3-nji aprel güni irden ermeni ýaragly güýçleriniň geçen 24 sagadyň dowamynda dawaly region bolan Dagly-Garabagda saklanylýan ýaraşyk düzgünlerini 130 gezekden gowrak bozandygyny aýtdy.

Bu sözler Azerbaýjanyň içinde etniki ermeniler tarapyndan kontrolda saklanýan dawaly sebitde turan agyr söweşde azyndan 12 azeri esgeri öldürileninden bir gün soň aýdyldy.

Etniki ermenileriň separatist liderleri öz söweşijileriniň 3-nji aprel säherinde hem Azerbaýjanyň güýçlerine garşy söweşi dowam etdirendiklerini, azeri tarapynyň agyr toplary we bronly harby tehnikalary ulanýandygyny aýtdy.
Ermenistanyň Ýaragly güýçleri Azerbaýjanyň güýçlerini 2-nji aprelde tankly, agyr toply we dikuçarly uly hüjüme başlamakda aýyplady.

Emma Baku 3-nji aprelde Azerbaýjanyň güýçleriniň Kazak, Goranboy, Tartar, Aghdam, Hojawend we Fuzuli etraplarynda özlerine garşy açylan oda jogap berýändiklerini aýtdy.

AÝ/AR-nyň bu sebitdäki wideoçysy Tartar we Agdere etraplarynyň oba adamlaryna salgylanyp, 3-nji aprelde irden azeri güýçleriniň ermeni tanklaryny hatardan çykarandyklaryny aýtdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi goşunyň sebitdäki «strategik belentlikleri we ilatly nokatlary azat edendigini» hem habar berdi. Ministrlik Azerbaýjanyň bir dikuçarynyň urlup ýykylandygyny, bir tankynyň bolsa mina partlamasy netijesinde hatardan çykandygyny aýtdy.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan 2-nji aprelde azeri goşunlary 18 sany etniki ermeni esgerini öldürdi diýdi. Baku 2-nji aprelde Dagly-Garabagyň içinde 100-den gowrak ermeni esgeriniň öldürilendigini aýdypdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň edarasy 3-nji aprelde Erdoganyň «Azerbaýjany soňuna çenli goldamagy» wada berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG