Sepleriň elýeterliligi

Bahar hem sungat


Pyntyklap güllän agaçlar.

Pyntyklap güllän agaçlar.

Bahar pasly aýdym-saza meňzeýär ýa-da aýdym-sazlar bahary ýatladýar. Olaryň tebigaty meňzeş bolarly.

Döreýiş

Aslynda dürli owazlar hem saz tebigatyň özünde bar. Ony aýratyn ukyby bolanlar eşitmegi başarýarlar. Bu ynsan ýüregindäki owaz bilen goşluşsa, aýdym-saz emele gelýär.

Beýleki tarapdan, aýdym-saz ösüp barýan daragt ýaly. Oňa garaşyk edilse, hyzmaty ýetse boý alýar hem berkeýär. Beýle hyzmaty sungat ussatlary başarýarlar. Iň bolmanda, bir-iki eseri şeýle belende çykaryp bilmedik adama ussat diýilmeýär.

Ussatlardan bize örän gymmatly miras galypdyr. Ol miras özünde täsin gözelligi hem many-mazmuny saklaýar. Olary diňläniňde bahary ýatlaýarsyň. Sebäbi sungatyň oýaryjy hem oý-pikire gark ediji täsiri bar.

Şolardan käbir bellik.

„Aýna”

Türkmen radiosynda üç ussadyň bilelikde çalan „Aýna” diýen sazy galypdyr. Ony Täçmämmet Suwhanguly, Mylly Täçmyrat hem Pürli Sary üçüsi çalýarlar. Saz onçakly dowamly däl, gaýtam gysga. Megerem, ol hut bolmalysy ýalydyr diýip çak edýän.

Çöl.

Çöl.

Ol saz sungatynyň etalony bolsa gerek. Belki-de, beýleki ähli sazlara nusgalyk kamertondyr.

Göwnüňe bolmasa, sazy şeýleräk çalmaly diýip, üç ussat bir karara gelene meňzeýär.

Nowaýy“

Halkyň saz medeniýetini öwreniji, professor W.A. Uspenskiniň ýazmagyna görä, geçen asyryň başynda tüýdükçi sazandalar örän köp bolupdyr. Türkmeniň her obasynyň öz tüýdükçi sazandasy bar ekeni.

Asyryň ikinji ýarymynda bolsa olaryň bary ýitip, diňe Baky Maşak ýaly, bu sungata aşa berlen ýek-tük sazanda galypdyr.

Tüýdükçileriň bol döwrüne dolansak, o zamanda Ýazmuhammet Köse atly belli ussat bolupdyr. Onuň ady iň tanymal bagşy-sazandalaryň hatarynda geçýär. Halypadan iki ýazgy galypdyr. Onuň biri „Nowaýy“, beýlekisi „Öwez jan“. Halypa bu sazlary öz şägirdi Muhammetmyrat Nepesli bilen bile çalýar.

„Nowaýy“ barada aýdylanda, bu at bilen baglanyşykly saz hem aýdym köp bolup, oňa bagşy-sazandalaryň ençemesi ýüzlenip gelýär.

Ýazmuhammet halypanyň Muhammetmyrat Nepesli bilen çalýan „Nowaýysy“ olaryň arasynda bu sazy gargy tüýdükde nä derejede çalyp bolýandygyny görkezýän nusgalyk. Bary-ýogy iki tüýdükden çykýan owaz tutuş orkestriň döretjek owazyna meňzeýär. Olaryň çalşynda, bu sazy diňläp doýar ýaly däl.

Öwez jan“

Iki ussadyň döreden „Öwez jany“ barada aýdylanda, ol taýsyz esere öwrülipdir. Saz diýseň mylaýym hem haýran galarlyk derejede ýakymly.

Onuň tebigaty-da, çalnyşy-da düýpden başgaça. Olar bu sazy goşulyp däl, eýsem 1-nji hem 2-nji tüýdükde çalýan ýaly. Birinji tüýdük – halypa öňden barýar, ikinji tüýdük – şägirt onuň yzyny basyp gaýtalaýar. Halypanyň döredýän owazy güýçli hem dowamly, şägirdiň çeküwi birneme aşagrak. Bolsa-da halypadan galmaýar.

Bu şeýle bir gowy goşulyşýar, biri-biriniň dowamyny ýetirip barýar. Käbir adamlara ol saz Mozartyň döreden „Jadyly fleýtasynyň“ türkmençe şekili bolup duýulýar.

Bu nähili gudrat! Arman, ol ýazgy ir wagtda ýazylansoň, gramplastinka zaýalanypdyr. Onda tehniki sesler – şygyrdy köp.

Üstünden 80 ýyl geçip barýan bu sazy ne-hä arassalaýarlar, ne-de täzeden çalmagy başarýarlar. Şygyrdylaryň arasyndan çykýan owaz bolsa akylyňy haýran edýär.

Eýsem bu gaýtalanmajak nusgalykmy?

„Selbinýaz“

„Selbinýaz“ aýdymlaryň iň ýokary başy. Ol aýdymlaryň täji. Bagşy „Selbinýaza“ ýetip bilse, soňra dutary bir gapdalda goýýar.

Bu aýdymyň iň kämil görnüşinden iki nusga galypdyr. Olar Magtymguly Garly bilen Sahy Jepbaryň aýdan „Selbinýazlary“. Elbetde, olaryň şägirdi Oraznepes Döwletnazar hem „Selbinýazy“ belent derejä ýetirýär. Ýöne halypalar aýratyn bolýar.

Bu aýdym Gurban Kulyýew tarapyndan orkestr üçin işlendi. Ony soprano sesi bolan güýçli aýdymçylar aýdyp bilýär. Olardan Medeniýet Şahberdiýewa bilen Bibi Welmyradowa aýratyn tapawutlanýar. Olaryň biri örän güýçli soprano sese eýe, beýlekisi bolsa aşa liriki hem ýakymly owazyň eýesi.

Şeýdip, sungat ýaňadan janlanyp, asyrlap ýaşamaga mümkinçilik tapýar. Latyn pähiminde „Sungat baky – ömür gysga” diýlipdir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG