Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa migrantlary Türkiýä ugradyp başlady 


"Frontex" agentliginiň işgäri migrantlary Türkiýäniň baýdagyny göterýän gämä mündürýär, Gresiýanyň Lesbos adasy, 4-nji aprel, 2016
"Frontex" agentliginiň işgäri migrantlary Türkiýäniň baýdagyny göterýän gämä mündürýär, Gresiýanyň Lesbos adasy, 4-nji aprel, 2016

Gresiýa Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Ýewropa migrasiýa akymyny gowşatmak maksatly planynyň çäginde migrantlaryň birinji tapgyryny Türkiýä ugradyp başlady.

Türkiýäniň baýdagy astyndaky iki gämi 131 migranty alyp, 4-nji aprelde Lesbos adasyny terk etdi, diýip Ýewropa Bileleşiginiň serhet agentligi “Fronteks” habar berdi.

Pakistanly we bangladeşli migrantlar Türkiýäniň günbataryndaky Dikili atly ýere äkidildi.

Türkiýäniň resmileri 500 adamy kabul etmäge garaşýanyklaryny mälim etdiler.
Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ylalaşyga görä, Ankara Gresiýa bikanun geçen migrantlaryň we bosgunlaryň ählisini, şol sanda siriýalylary kabul eder.

ÝB öz tarapyndan müňlerçe siriýaly bosguny göni Türkiýeden alar we Türkiýä has köp maliýe kömegini, wizasyz syýahatçylygy tizleşdirmegi we Türkiýäniň ÝB agza bolmagy ugrundaky gepleşiklerde öňegidişligi wada berdi.

ÝB-niň we Türkiýäniň arasyndaky ylalaşyk adam hukuklaryny goraýjy toparlar we beýleki tankytçylar tarapyndan ýazgaryldy.

XS
SM
MD
LG