Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan ýene üç esgeriniň wepat bolandygyny aýtdy


Daglyk Garabag

Daglyk Garabag

Azerbaýjan dawaly Daglyk Garabag regionynda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň güýçleriniň arasyndaky söweşleriň üçünji güni ýene üç esgeriniň wepat bolandygyny habar berdi.

4-nji aprelde Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçleriniň Azerbaýjanyň pozisiýalaryny we uruş liniýasyndaky obalary agyr toplardan oka tutandygyny habar berdi.

Soňky maglumatlarda Azerbaýjan tarapyndan 15, Ermenistan tarapyndan 18 adamyň söweşlerde wepat bolandygy habar berilipdi.

Şeýle-de 4-nji aprelde Garabagdaky separatistler Azerbaýjanyň güýçleriniň öz pozisiýalaryny “oka tutmagyny güýçlendirendigini” aýtdylar.

Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili Artsrun Howannisýan gozgalaňçylaryň “front liniýasynyň belli bir böleklerinde öňe geçendigini we täze pozisiýalary eýeländiklerini” aýtdy.

Azerbaýjan maglumaty ret etdi.

Günbatar, Orsýet we Eýran konfliktdäki taraplary asudalyga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG