Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml bilen bagly 'şübheli' şirketleriň üsti açyldy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Derňeýji hasabatçylaryň halkara bileleşigi Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň iki million dollardan gowrak pullary salgytdan gaçyrmak üçin ulanan gümürtik usullarynyň üstüni açdy.

3-nji aprelde ýaýradylan maglumat “Panama kagyzlary” diýlip atlandyrylan uly göwrümli hasabatyň bir bölegi hökmünde çap edildi. Hasabat dünýä liderleriniň we syýasy resmileriň baýlygyna, pul geçirmek usullaryna we gizlin hasaplaşyklaryna, şol sanda ulanylýan bikanun ýollaryna degişli maglumatlary öz içine alýar.

Bir wagtda birnäçe habar guramalary tarapyndan ençeme dilde çap edilen maglumat Islandiýanyň we Pakistanyň premýer-ministriniň gözegçiligindäki kompaniýalary, Azerbaýjanyň prezidentiniň we Saud Arabystanyň çagalaryny we beýlekileri öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG