Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýagyn onlarça adamyň ölümine sebäp boldy


Sow joşguny dükanlary ýumurdy, Peşawaryň etegi, 4-nji aprel, 2016.

Sow joşguny dükanlary ýumurdy, Peşawaryň etegi, 4-nji aprel, 2016.

Pakistanyň resmileri ýurduň demirgazyk-günbatarynda güýçli ýagyndan onlarça adamyň wepat bolandygyny habar berdiler.

3-nji aprelde gije Khyber Pahtunkhwa regionynyň birnäçe etrabynda we Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Neelam obasynda başlanan ýagyş zerarly suw joşguny emele geldi. Azyndan 53 adam wepat boldy we 60 çemesi adam keselhana düşdi.

Durnuksyz welaýatyň dürli böleklerinde 40 çemesi jaý ýumruldy.

Günorta Aziýanyň ýagyşly ýaz möwsüminde Pakistanda suw joşguny emele gelýär we oba ýerlerine uly zeper ýetirýär.

Geçe ýylda ýagyşlar tutuş ýurtda 81 adamyň ölümine sebäp boldy we 300 müň çemesi adama täsir ýetirdi.

XS
SM
MD
LG