Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Ulunýan: “Türkmen hökümeti çinownikleri gözegçilikde saklajak bolýar”


Türkmen resmileri. Aşgabat
Türkmen resmileri. Aşgabat

Türkmenistanda “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gullukda özüňi alyp barmak” hakynda ýörite kanun kabul edilip, onda döwletiň resmi işgärleriniň, beýleki taraplar bilen birlikde, egin-eşigi, köpçüligiň öňünde çykyş edip bilmek mümkinçilikleri düzgünleşdirilýär.

Azatlyk Radiosy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky kabul eden Karary dogrusynda orsýetli syýasy bilermen, Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Merkezi Aziya, Kawkaz we Balkan döwletleri boýunça ylmy merkeziň müdiri Artýom Ulunýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmileriniň etikasy bilen bagly kabul edilen bu soňky Karar barada näme aýdyp bilersiňiz?

A.Ulunýan: Bu meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin, oňa üç ugurdan çemeleşmeli.

Birinjiden-ä, bu halkara derejesindäki tejribe. Dünýä praktikasynda “çinownigiň etikasy” diýen zat ozaldan bar. Seýrek ýagdaýlarda, haçan-da biri işe alnanda, bu diňe kagyz ýüzündäki talaplar bolup galýar. Aglaba ýagdaýlarda bolsa bu däp-dessurdyr.

Dünýäniň tas ähli siwilizirlenen ýurtlarynda emeldarlygyň esasy prinsipi – bu hökümet başyndaky häkimiýete ygrarlylykdyr. Ýurduň başyndaky prezidentler, partiýalar çalyşýar; emma çinownik şol bir anyk edýän işi bilen gümra bolýar.

Bärde belläp geçmeli zat, siwilizirlenen dünýäde häkimiýetiň başyna geçen täze güýç ozalky hökümetiň ýöreden syýasy institularyna çapraz geljek syýasaty alyp barmaýar. Şonuň üçin bu ujypsyz syýasy aýratynlyklar çinownikler üçin onçakly möhüm hem däl.

Emma, başga ýurtlar hem bar. Olarda “çinownigiň etikasy” syýasy režime doly tabynlyk bilen çäklenýär.

Azatlyk Radiosy: Anyk döwletleriň mysalynda gürrüň beräýseňiz?

A.Ulunýan: Elbetde, ilki bilen-ä, Koreýanyň Milli Demokratiki Respublikasy ýadyňa düşýär. Şular ýaly prinsipler belli bir derejede Hytaý Halk Respublikasynda hem bar. Yslam respbulikasy ýa-da monarhiýasy diýlip resmi derejede yglan edilen käbir musulman ýurtlarynda hem şeýle ýagdaýlara duş gelse bolýar. Mysal hökmünde Pakistan Yslam respublikasyny ýa-da Eýrany getirse bolar. Elbetde, bu ýurtlara mahsus öz aýratynlyklary hem bar.

Emma, biz häzir postsowet ýurtlarynda kemala gelýän ýagdaýlar barada gürrüň edýäris. Bu bolsa, meniň häzire çenli beýan edenlerimden düýpgöter tapawutlanýan bir ýagdaý. Aradan ýigrimi ýyldan hem artyk wagt geçse-de, gürrüňini edýän ýurtlarymyzda çinownikçilik apparaty etnek doly ornaşdyrylanok.

Syýasy medeniýeti bolmadyk bu ýurtlarda gürrüňini edýän meselelerimiz boýunça özboluşly syýasat ýöredilende, bu dünýäniň beýleki siwilizirlenen künjeklerinde belli bir derejede geň-taň bolup görünýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmen mediasynda görkezilýän görnüşlerden mälim bolşy ýaly, bu täze Kanun kabul edilmezinden ozal hem türkmen resmileri birmeňzeş geýinýärdiler; olar ýöredilýän syýasata çapraz gelýän zatlary hem aýtmaýardylar. Indi bu “düzgünleriň” kagyz ýüzüne geçirilmeginiň nähili ähmiýeti bar?

A.Ulunýan: Umumy tejribä görä, çinownigiň öz şahsy pikirini jemgyýetçiligiň öňünde beýan etmezligine adaty bir zat hökmünde garalýar. Emma haçan-da bir ýurtda hiç bir adam resmi häkimiýete garşy hiç zat aýdyp bilmeýän bolsa, onda ýagdaýlar başgaçarak bolýar. Diýmek, türkmen häkimiýeti bu Kanunyň üsti bilen ýurduň emeldarlar gatlaggyny öňküsindenem beter öz gözegçiliginde, kontrollygynda saklamaga ymtylýar.

Bu ýagdaýlarda käbir netijeler öz-özünden peýda bolýar. Ýurt başyndakylar ýöredilýän syýasata garşy öz pikirlerini aýdyp biljek çinowniklerden heder edýäne meňzeýär. Men muny oppozisiýa diýip atlandyrmazdym. Ýöne haçan-da çinownikler režime garşy çykyş edip başlasalar, munuň sistema garşy uly zarba boljakdygy aýdyň.

Bu Kanuny ulanyp, häkimiýetler hatda häzirki ýagdaýda-da öz pikirini aýdyp biläýjek çinownikleriň sesini sem etmek üçin kanuny esas döretdi. Başgaça aýdylanda, ýurt başyndakylar çinownikçiligi, ýagny emeldarlar gatlagyny aýratyn bir synp hökmünde kontrollykda saklamaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG