Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy “Instagramda”


Rim papasy Fransisiň selfisi, ýagny öz-özüni düşüren suraty.

Rim papasy Fransisiň selfisi, ýagny öz-özüni düşüren suraty.

Rim papasy Fransis “Instagram” sosial ulgamynda öz ulanyjy sahypasyny açdy.

Rim papasy ulanyjy ady hökmünde öz adyny saýlap alyp, @franciscus profili gysga wagtda adamlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Häzirki wagtda Rim papasynyň “Instagram” sosial ulgamynda 2,2 million yzarlaýjysy bolup, bu san gün-günden artýar. Papa Fransis sosial ulgama goşulany bäri, ýagny 4-nji marta çenli 24 sany surat paýlaşdy. Onuň paýlaşan her suraty ýüz müňlerçe ulanyjy tarapyndan “like” edildi, ýagny halandy we suratyň aşagynda müňlerçe teswir ýazyldy.

“Men siziň bilen Taňrynyň merhemetine ugrugyp ilerlemek isleýärin” diýýän Rim papasy mundan ozal “Twitter” sosial ulgamynda hem özüniň ulanyjy sahypasyny açypdy. Bu sosial ulgamda onuň millionlarça aktiw yzarlaýjysy bar.

XS
SM
MD
LG