Sepleriň elýeterliligi

Baku Daglyk-Garabagda ýene ýitgi çekendigini aýdýar


Azerbaýjanyň harby tehnikasy, Daglyk Garabag, 4-nji aprel, 2016

Azerbaýjanyň harby tehnikasy, Daglyk Garabag, 4-nji aprel, 2016

Baku Azerbaýjanyň separatist Daglyk Garabag regionynyň daşyndaky söweşlerde ýene ýitgi çekendigini habar berýär. Onlarça ýyla çeken we gaýtadan güýçlenen konfliktiň gowşamagynyň uly bir alamaty göze ilmeýär.

Azerbaýjan 5-nji aprelde gije ýene bir esgeriniň wepat bolandygyny aýtdy. Netijede Günorta Kawkaz ýurdunyň enklawyndaky söweşlerde wepat bolan harbylarynyň sany 16 adama ýetdi.

Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistler 2-nji aprelde zorluk başlanaly bäri öz tarapyndan 18 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

Taraplaryň ikisi-de zorlugy tutaşdyrmakda bir-birini aýyplaýarlar.

“Bolup geçýän zatlaryň ählisiniň jogapkärçiligi Ermenistanyň boýnunda, ol konfliktiň çözülmegine gyzyklanma bildirmeýär we halkara kanunlaryny depeleýär”, diýip Azerbaýjanyň daşary işler ministrliginiň orunbasary Halaf Halafow Bakuda geçirilen regional maslahatda aýtdy.

Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistleriň beýannamasynda Azerbaýjanyň “öz ýaraglarynyň göwrümini gün-günden artdyrýandygy” aýdyldy.

Konfliktde araçylyk edýän Orsýetiň, ABŞ-nyň we Eýranyň wekilleri meseläni maslahat etmek üçin 5-nji aprelde Wenada duşuşýarlar.

5-nji aprelde Azerbaýjanyň we Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistleriň Daglyk-Garabagda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG