Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" Molla Omaryň ogluna wezipe hödürledi


Owgan "Talybanynyň" lideri Mulla Omar, Kandagaryň medressesinde okan döwründe, 1978-nji ý.

Owgan "Talybanynyň" lideri Mulla Omar, Kandagaryň medressesinde okan döwründe, 1978-nji ý.

Owganystanyň “Talyban” topary öňki lider Molla Mohammad Omaryň ogluna söweşi toparyň düzüminde ýolbaşçy wezipesini berdi.

“Talybanyň” 5-nji aprelde çap eden beýannamasyna görä, Molla Omaryň uly ogly Mohammad Ýukuba toparyň harby komissiýasynyň ýolbaşçysy wezipesi hödürlendi.

Ýukub we onuň daýysy Abdul Manan “Talybanyň” ýolbaşçy geňeşine girýärler.

Ýukub we Manan geçen ýylyň iýul aýynda owgan hökümetiniň Molla Omaryň iki ýyl ozal Pakistanda ölendigi barada maglumaty tassyklamagynyň yzýany “Talybanyň” lideri wezipesine Molla Ahtar Mansuryň bellenmegine garşy çykyş edipdi.

“Talybanyň” käbir liderleri Molla Mansury Omaryň ölümini gizlinlikde saklamakda aýyplapdylar.

“Talybanyň” esaslandyryjysynyň iki ýakyn garyndaşyna wezipe berilmegi Molla Mansuryň pozisiýasyny berkidip biler.

XS
SM
MD
LG