Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň deňizçileri gaçakçy ýaragy sakladylar


ABŞ-nyň "Theodore Roosevelt" harby gämisi, Oman aýlagy

ABŞ-nyň "Theodore Roosevelt" harby gämisi, Oman aýlagy

ABŞ-nyň harby deňiz güýçleri Arap deňzinde ele salan gaçakçylykly ýaraglaryň Eýrandan Ýemene alnyp barylandygyny aýtdylar.

Deňiz güýçleriniň 4-nji aprelde aýtmagyna görä, ABŞ-nyň harby gämileriniň 28-nji martda ele salan ýaraglary kiçi gäminiň içinde gizlenilipdir. Harbylar ýaraglaryň arasynda 1500 kalaşnikow awtomatynyň, 200 sany raketa atyjy topuň we 21.5 kaliberli awtomatlaryň bolandygyny habar berdiler.

Harbylaryň ýaraglary ele salmagyndan soň gäminiň ekipažynyň boşadylandygy aýdylýar.

“Ýaraglaryň ele salynmagy harby deňizçileriniň regionda ele salan we ABŞ-nyň gelip çykyşy Eýrandan diýip hasaplaýan ýarag üpjünçilikleriniň sanawynda soňky wakadyr”, diýip harbylar aýtdylar.

Eýran Ýemeniň hökümetini goldaýan Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa garşy söweşýän Huthi gozgalaňçylaryny goldaýar.

ABŞ-nyň harby resmileri şu ýylyň başynda Awstraliýanyň we Fransiýanyň harby deňizçileri tarapyndan üsti açylan ýarag gaçakçylyklaryny Eýrana we şaýy gozgalaňçylaryna bagladylar. Olaryň ikisi-de aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG