Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Owganystanda bombaly hüjüm boldy


Owganystanyň Parwan welaýaty

Owganystanyň Parwan welaýaty

Owgan resmileri ýurduň demirgazygynda bolan bomba partlamasynda azyndan ýedi adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

Parwan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Şah Wali Şahedyň aýtmagyna görä, 5-nji aprelde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda 26 adam ýaralanypdyr.

Partlama Parwan welaýatynyň Seýa Gerd etrabynda bolupdyr.

Welaýatyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Mohammad Zaman Mamozai janyndan geçen hüjümçiniň motorly barýarka bombasyny partladandygyny aýtdy. Polisiýanyň resmisi hüjümiň owgan howpsuzlyk güýçlerine garşy gönükdirilendigini, emma raýatlaryň we çagalaryň pida bolandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Adatça durnukly welaýat hasaplanýan Parwanda ABŞ-nyň Owganystandaky iň uly Bagram harby bazasy ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG