Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany harby çykdajylary bilen Orsýetden öňe çykdy


Saud Arabystanynyň ýörite güýçleri harby paradda söweş ukybyny görkezýär

Saud Arabystanynyň ýörite güýçleri harby paradda söweş ukybyny görkezýär

Saud Arabystany dünýäde harby pudaga iň köp pul sarp edýän ýurtlaryň arasynda üçünji ýere çykyp, Orsýeti yza süýşürdi, diýip Şwesiýanyň barlaglar instituty 5-nji aprelde habar berdi.

“Stokgolmyň parahatçylyk barlaglary boýunça instituty” (Stockholm International Peace Research Institute) 2015-nji ýylda harby maksatlar üçin edilen çykdajylaryň 1% artyp, 1.67 trillion dollara ýetendigini we munuň 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji bolup durýandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda ABŞ we Hytaý harby çykdajylar boýunça halkara sanawynyň ýokarky setirlerini eýeläp gelýärler. ABŞ harby pudagyna 596 milliard dollar, Hytaý 215 milliard dollar möçberde pul sarp edýärler.

Dünýäde harby maksatlar üçin edilýän çykdajylaryň üçden bir bölegi ABŞ-nyň paýyna düşýär.

Gozgalaňçylar bilen uruşda Ýemeniň hökümetini goldaýan we Siriýada gozgalaňçylara ýardam berýän Saud Arabystanynyň harby býujeti 87.2 milliard dollara ýetip, birinji gezek ýurdy dünýä boýunça üçünji ýere çykardy.

Orsýet öz harby býujetini 7.5% artdyrdy we 66 milliard dollara ýetirdi.

XS
SM
MD
LG