Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýagyndan wepat bolanlaryň sany artdy


Suw joşgunynyň netijesi, Pakistan

Suw joşgunynyň netijesi, Pakistan

Pakistanda ýagyndan heläk bolanlaryň sany artdy.

3-nji aprelde başlanan güýçli ýagyşlar Hyber Pakhtukhwa welaýatynda we Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirde suwuň joşmagyna sebäp boldy we 71 adamyň ölümine getirdi.

Hyber Pakhtunkhwanyň tebigy betbagtçylyklar boýunça resmileri welaýatda 47 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar. Ýagyndan 140 çemesi jaýyň ýumrulandygy aýdylýar.

Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirde 24 adam wepat bolupdyr.

Günorta Aziýanyň tomusky ýagyş möwsümi Pakistanda ýygy-ýygydan suw joşgunyny emele getirýär.

Geçen tomusda suw joşguny zerarly tutuş ýurt boýunça 81 adam wepat boldy we 300 müň çemesi adam ejir çekdi.

XS
SM
MD
LG