Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Wagtlaýyn söwda bassyrmasy-da ýapyldy


Bassyrma “Mir bazarynyň” günorta ganatynyň gabat garşysynda gurnaldy.

Bassyrma “Mir bazarynyň” günorta ganatynyň gabat garşysynda gurnaldy.

Aşgabadyň, ilat arasynda “Mir bazar” diýlip atlandyrylýan, uly bazarlarynyň biriniň abatlaýyş işleri sebäpli ýapylmagynyň yzysüre bu ýerde gurnalan söwda bassyrmasynyň işi hem ýatyryldy.

Geçen ýylyň awgustynda paýtagtyň “Ýunus Emre” köçesiniň ugrundaky “Mir bazarynyň” dükanlarynyň tekjeleri boşadylandan soň, telekeçiler bu ýerdäki söwdany dowam etdirip bilmekleri üçin täze ýeriň bölünip berilmegini sorap, degişli edaralara, ýagny “Mir bazarynyň” ozalky eýesi – Şäher häkimligine, şeýle-de soňky eýesi – Söwda we Azyk ministrligine ýüz tutandyklaryny gürrüň berdiler.

Netijede “Mir bazarynyň” günorta ganatynyň gabat garşysynda – bazaryň işleýän döwründe oňa harytlary getirýän ulaglaryň durýan meýdançasynda – uzynlygy 30 m, ini hem 10 m çemesi ululykdaky ýörite söwda bassyrmasy gurnaldy.

Esasan gök, çörek, et önümleri we gaýry azyk harytlary satylýan bu bassyrmanyň üstüni basyrmak, gerekli söwda inwentarlary bilen üpjün etmek işleriniň bazar administrasiýasynyň öz hasabyna edilendigine garamazdan, telekeçiler özlerinden hem “meýletin maýa kömeginiň” alnandygyny aýdýarlar.

“Bazarkomuň (bazar administrasiýasy – Red.) işgärleri bassyrmanyň astynda söwda etjeklere “meýletin maliýe kömegini” töletdiler. Bu indiki etjek bolýan söwdaňa baglydy. Tamdyr çöregini satýanlardan 300 manat soran bolsalar, bizden 600 manat aldylar. Has düşnükli dile geçirseň, para soradylar...” diýip, et önümlerini satýan Ylýas gürrüň berýär.

Gepiň gerdişine görä bellesek, ýokarky aýdylýan “meýletin goşant” barada degişli resmilerden nähilidir bir kommentariý alyp bolmady.

Wagtlaýyn bassyrmadaky 30 töweregi dükanyň söwdagärleri bilen bir aýlyk şertnama baglaşylyp, olardan kärende ýerleri üçin gündelik üç manat töleg alyndy.

Emma 2-nji aprelde bazaryň jogapkär ýolbaşçylary, bassyrmanyň ýerinde tölegli hajathana guruljakdygyny aýdyp, telekeçilerden 4-nji aprele çenli söwda bu nokadyny doly boşatmaklaryny talap etdiler.

Netijede 4-nji aprelde bassyrma doly sökülip, sişenbe güni hem oňa goýlan wagtlaýyn girelge petiklendi.

Söwdagärler bu gysga wagtda edilen talap sebäpli özleriniň zyýan çekendiklerini, tiz zaýalanýan harytlaryny ýerlejek bolup uly alada galýandyklaryny aýdýarlar.

“Çörek, gök satýanlar-a bazaryň golaýyndaky jaýlaryň aralarynda gizlenip, harytlaryny ýerlejek bolýarlar. Olary hem polisiýa kowalaýar. Men ýaly beýleki söwdagärler bolsa harytlarymyzy şäheriň beýleki bazarlaryndaky telekeçilere deger-degmez ýerinden berýäris” diýip, et söwdasyny edýän Ylýas aýdýar.

“Mir bazarynyň” ýerindäki wagtlaýyn söwda bassyrmasynyň ýapylmagynyň diňe bir telekeçilere däl, eýse raýonyň müňlerçe ýaşaýjylaryna hem öz ýaramaz täsirini ýetirendigi aýdylýar.

“Sumbar” bazary üç ýyldan bäri ýapyk. “Jennet” bazary işlänok. “Mir bazaryny”, [wagtlaýyn] bassyrmany hem ýapdylar. Parahat, ”Gaudan” massiwleriniň ýaşaýjylary indi şäheri söküp, beýleki bazarlara barmaly bolýarlar” diýip, Parahat-1 etrapçasynyň ýaşaýjysy Bibi zeýrenýär.

“Mir bazary” geçen ýylyň awgustynda oňarmak üçin ýapylanda, onuň ýene-de 6 aýdan işläp başlajakdygy aýdylypdy. Emma bazardaky alnyp barylýan gurluşyk işlerine eýýäm 8 aý boldy. Bazaryň ýaňadandan haçan işläp başlajakdygy ýa-da wagtlaýyn söwda nokatlarynyň gurnaljakdygy barada halk köpçüligine hiç hili anyk maglumatlar berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG