Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Hytaýdan alan raketalaryny synady


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen wideo şekillerden alnan surat.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen wideo şekillerden alnan surat.

Türkmenistan, häzirki wagtda ýurtda dowam edýän harby türgenleşikleriň çäginde, ilkinji gezek Hytaýdan satyn alan raketalaryny görkezdi. Howadan goranyş maksatlary üçin ulanylýan şol raketalar ýurduň harby güýçlerinde käbir möhüm ýaraglaryň bardygyny aýan etdi.

"Ýewraziýanet" neşiriniň ýazmagyna görä, geçen ýyl Türkmenistan bilen Özbegistanyň Hytaýdan käbir ýaraglary satyn alandygy, olaryň arasynda, esasanam, HQ-9 we HQ---12 atly goranyş ulgamynyň bardygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Şol wagt bu habarlara Hytaýyň Merkezi Aziýanyň harby pudaklaryna hem aralaşyp başlandygyny görkezýän alamat hökmünde baha berlipdi. Regionyň harby pudagy, umuman aýdylanda, Orsýetiň harby enjamlary bilen üpjün edilen.

Wideo sýužetler

Türkmenistan häzirki wagtda uly göwrümli harby türgenleşik operasiýalaryny geçirýär, 26-njy martda duýdansyz ýagdaýda gijäniň ýarymynda başlanan bu türgenleşigiň maksady we onuň kime ýa kimleriň garşysyna gönükdirilip geçirilýändigi barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Emma Türkmen mediasynda her gün şol harby türgenleşiklerden wideo sýužetler görkezilýär, şonda esgerler bilen bir hatarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem dürli harby enjamlary ulanyp, harby türgenleşige syn edýän pursatlaryny görse bolýar.

“Ýewraziýanet” neşiri, orsýetli harby synçy Wasiliý Kaşina salgylanyp beren maglumatynda, esasanam Hytaýdan satyn alnandygy çak edilýän şol harby enjamlaryň türkmen harbylary tarapyndan ulanylyşyny görkezýän sýužetleriň Orsýetiň göwnünden turmajakdygyny aýtmaga esas bar diýýär.

“Türkmen harbylarynyň bu ýaraglar bilen üpjün edilmegi, ýurduň öz harby enjamlaryny diwersifikasiýa edip başlandygyny görkezýär, bu pudak öň tutuşlygyna diýen ýaly Orsýetden import edilýän harby enjamlara baglydy” diýip, orsýetli ekspert “Ýewraziýanet” neşirine beren maglumatynda aýdýar.

Harby ýaranlyk

Howadan goranyş ulgamynyň söwdasyna Orsýet uly ähmiýet berýär. Onsoň soňky döwürde Hytaýyň Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar bilen harby aragatnaşygyny artdyryp başlamagy, Orsýetiň gözgaraýşyndan baha berseň, ynjyk bir ädim bolup görünýär.

Mundan ozal Hytaýyň Owganystan, Pakistan we Täjigistan bilen harby ýaranlyk gurmaga synanyşýandygy baradaky habarlar “hamana Hytaý Merkezi Aziýada Orsýetiň ornuny eýelemäge synanyşýar” diýen duýgyny döredipdi.

Şol wagt Hytaý bu aladany köşeşdirmäge synanyşan hem bolsa, türkmen harbylarynyň Hytaýda öndürilen agyr harby enjamlar bilen üpjün edilendigini görkezýän bu wideo görnüşler Orsýetiň bu mesele bilen bagly aladasyny gaýtadan güýçlendirer diýlip çak edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG