Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

De Waal: Kreml Daglyk-Garabag konfliktiniň arkasyndaky “esasy aktýor däl”


Ermeni esgeri. Daglyk-Garabag sebiti.
Ermeni esgeri. Daglyk-Garabag sebiti.

Kawkaz boýunça günbatarly ekspert Daglyk-Garabag sebitinde azerileriň we ermenileriň arasyndaky dartgynlylyk, 1990-njy ýyllaryň başynda Sowet Soýuzy dargan döwründen bäri, iň howply we çözülmedik konfliktleriň birine öwrüldi diýýär.

Emma “Karnegi Ýewropa” merkeziniň ýokary derejeli işgäri hem-de Gündogar Ýewropa we Kawkaz regiony boýunça ýöriteleşen Thomas de Waal, Kremliň regionda agalyk sürmek maksady bilen edýän giň strategiýasynyň bir bölegi hökmünde, ýakynda Daglyk-Garabag sebitinde bolan çaknyşyklaryň Moskwa tarapyndan gurnalandygy baradaky garaýşy ret edýär.

Öňki žurnalist de Waal Orsýet we Kawkaz regiony barada makalalary ýazýardy. Ol Daglyk-Garabag barada ýazylan iň abraýly kitaplaryň biriniň awtory.

De Waal Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň habarçysy Arzu Geýbullaýewa beren maglumatynda günbatarly ekspertleriň ýakynda dawaly regionda bolan çaknyşyklaryň arkasyndaky esasy aktýoryň Moskwadygy barada gelen netijesini ret edýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy: De Waal, siz Daglyk-Garabag sebitinde ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulmagy hem-de Azerbaýjanyň we Ermenistanyň güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň gaýtadan başlanmagy barada näme pikirde?

De Waal: Bu örän ýaramaz waka. Bu ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň örän çynlakaý bozulmasy bolup görünýär. Esasy mesele häzir ok atyşygy bes etmek baradaky liniýa, ýagny baglanyşyk liniýasy örän harbylaşydyryldy.

Häzir iki tarapda hem agyr ýaraglar, şol sanda uçarlar, dronlar we dikuçarlar ýerleşdirildi. Häzir ýaz pasly, ýagny däp boýunça ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulýan wagty. Adatça, ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk syýasy maksatlar sebäpli bozulýar. Bu tötänlikden bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Günbatarda käbirleri Orsýeti Daglyk-Garabagda rus parahatçylygy saklaýjylaryny ýerleşdirmek we sebite goşulyşmak üçin dartgynlylygy döretmäge synanyşýan öjükdiriji hökmünde garaýarlar. Siziň pikiriňizçe, bu wakalar Moskwa tarapyndan gurnaldymy, ýagny Kreml oýnuň bir bölegimi?

De Waal: Meniň şahsy pikirimçe, [bu wakalarda] Moskwany esasy aktýordyr öýtmek ýalňyş. Meniň pikirimçe, bu konfliktde esasy aktýorlar Ermenistan we Azerbaýjandyr. Moskwa ikinji derejeli güýçli aktýor, emma ol ähli zady manipulirläp bilmez. Ol bu oýny alyp barmaýar.

Bu konflikte gatnaşygy bolan iň ýokary derejeli diplomat bu [Orsýetiň daşary işler ministri] Sergeý Lawrowdyr. Ol bu konflikti örän gowy bilip, prezidentler bilen yzygiderli duşuşýar we, bize aýdylmagyna görä, onuň täze parahatçylyk plany bar. Görnüşine görä, Lawrow bu plany öňe sürýär we bu plan käbir rus parahatçylygy saklaýjy elementleriň goşulyşmagy ýaly bolup görünýär.

Emma Ermenistanda we Dagystanda Orsýetiň harbylarynyň ujypsyz bölegi bar bolsa-da, Azerbaýjanda rus goşuny ýok. Şol sebäpden Orsýetiň Goranmak ministrliginiň edip biljek kän zady ýok. Olaryň ermeni tarapyna, gürrüňsiz, täsiri bolup biler, emma azeri tarapyna bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Sebitde ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň, hususan-da, Azerbaýjanyň prezidentiniň Ýadro sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona giden mahaly bozulmagynyň arkasynda Orsýetiň eliniň bardygyny görýänlere nähili jogap berýärsiňiz? Mälim bolşy ýaly, bu sammite Orsýet gatnaşmady.

De Waal: Men Orsýetiň ok atyşygy bes etmek liniýasynda, ýagny Daglyk-Garabagda dartgynlylygy gurnap biljekdigine şübheli garaýaryn. Elbetde, [Ermenistanyň] prezidentiniň Waşingtonda mahaly, sebitde duýdansyz çaknyşyklaryň başlanyp, Kremliň hem parahatçylygy saklamaga çagyrmagy, birneme täsin görünýär.

Emma meniň pikirimçe, biz bu mesele boýunça birneme seresaply bolmalydyrys. Sebäbi azeri we ermeni harbylarynyň ikisi hem örän garaşsyzdyr. Olar Moskwa tarapyndan dolandyrylmak islemezler.

Adatça, ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozýan köplenç Azerbaýjan tarapy bolýar. Sebäbi olar öz territoriýasynyň häzirki durumyny oňlanoklar. Şol sebäpden ylalaşygy bozmaga olarda esas has artyk. Emma çaknyşyklar başlansa, munuň o diýen bir ähmiýeti bolmaýar. Sebäbi iki tarap hem atyşyga ýatýar we front liniýasynyň çäginde operasiýalary geçirýär. Şol sebäpden ok atyşyga kimiň başlandygyny aýtmak örän kyn.

Azatlyk Radiosy: 4-5-nji aprelde Wenada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) Daglyk-Garabagda ok aytşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulmagyny maslahat edýär. Siziň pikriňizçe, bu maslahat dartgynlylygy üýtgedip bilermi? Ýa-da halkara jemgyýeti bu dartgynlylyga syýasy taýdan nähili üýtgeşiklik girizp biler?

De Waal: ÝHHG-niň Minsk topary indi o diýen täsirli däl. Olar, esasan, ermeni we azeri prezidentleriniň islegine görä işleýärler. Olar ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy saklamaga synanyşýarlar. Olar Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleriniň arasyndaky zatlary gurnamaga synanyşýarlar.

Diplomatik ýollar bilen dartgynlylygy üýtgedip biljek adamlar, öz gezeginde Waşingtonda we Moskwada ýerleşýärler. Emma, meniň pikirimçe, sebitde harby operasiýalar başlanan mahaly, haýsydyr bir üçünji tarapyň bu ýerde bolýan hadysany duruzmagy örän kyn. Agzalýan sebitde ÝHHG-niň diňe alty sany gözegçisi bar. Ol ýerde parahatçylygy saklaýjylar ýok.

Bu ýerde syýasy basyş esasy Moskwa tarapyndan amala aşyrylyp bilinýän ýaly bolup görünýär. Emma muňa garamazdan, Ermenistan we Azerbaýjan üçin Daglyk-Garabag esasy milli mesele bolup durýar. Olaryň ikisi hem her ädimde Moskwany diňläp durmaýar. Aýratynam, eger bu mesele olaryň öz milli bähbidine gabat gelmese.

XS
SM
MD
LG