Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk sürüjileriniň Türkmenistandaky 'problemalary'


Türkmen-özbek serhedi.
Türkmen-özbek serhedi.

46 ýaşly Mustafa Sary, indi uzak wagtdan bäri ýük maşyn sürýär. Ol bu wezipesiniň çäginde şu güne çenli onlarça ýurda sapar etdi we dürli tejribeleri başdan geçirdi. Emma onuň Türkmenistana eden soňky saparynyň dowamynda ýüzbe-ýüz bolan problemasy, öňki tejribeleriň hiç birine meňzemedi.

Jenap Sary häzir türmede, oňa 7 ýyl iş kesilendigi aýdylýar. Türkmen hökümedi onuň ýagdaýy barada kelam agyz söz aýtmaýar, emma Sarynyň ogly kakasyny diş agyrysy üçin alan 2-3 gram tramadol bilen saklanandygyny we berlen bu jezanyň asla adalatly däldigini aýdýar.

Mustafa Sary, Türkmenistanda şeýle problemalar bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýan türk ulag sürüjilerinden diňe biri.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkiýeli sürüjiler, soňky döwür olara garşy Türkmenistanda dürli çäklendirmeleriň girizilýändigini, hatda ýük eltenlerinden soň olaryň duralgalardan daşary çykmagynada rugsat edilmeýändigini aýdýarlar.

Olar bu ýagdaýyň sebäbine düşünmeýärler we ýerli resmileriň hem bu çäreleriň sebäbi barada olara hiç hili düşündiriş bermeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýeden Türkmenistana yzgiderli ýük daşaýan türk sürüjileriň duş gelýän problemalaryna gönükdirýär.

Bu temada tejribeleri we maglumatlary bolanlary gepleşige gatnaşmaga ýa-da aşakdaky foruma teswir galdyrmaga çagyrýarys. Biziň bilen hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylary arkaly habarlaşyp bilersiňiz

XS
SM
MD
LG