Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nadýa Sawçenko 'gurak' açlygy yglan etdi


Nadia Sawçenko
Nadia Sawçenko

Orsýetiň sudy tarapyndan 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen ukrainaly harby pilot Nadia Sawçenko “gurak” açlygy yglan edip, suwdan we iýmitden ýüz öwürdi.

Sawçenkonyň aklawçysy Mark Feigin öz müşderisiniň “derhal Ukraina iberilmegini” talap edýändigini aýtdy.

34 ýaşly Sawçenko 2014-nji ýylda gündogar Ukainada iki orsýetli žurnalistiň ölümine gatnaşykda aýyplanyp, 22-nji martda türme tussaglygyna höküm edildi. Höküm 5-nji aprelde güýje girdi.

Sawçenko suduň kararyndan şikaýat etmekden ýüz öwürýär we özüne garşy gozgalan işiň kanunydygyny ykrar etmekden ýüz öwürýär.

Sawçenko özüne garşy gozgalan işe garşylyk bildirip, tussaglygyna protest hökmünde ençeme gezek açlyk yglan edipdi.

Ukrainaly pilot özüniň 2014-nji ýylyň iýun aýynda gündogar Ukrainada orsýetçi separatistlere garşy söweşiň dowamynda ogurlanyp, Orsýete bikanun eltilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG