Sepleriň elýeterliligi

ÝB-Ukraina: Gollandiýa referendum geçirýär


Saýlaw nokady, Gollandiýa, 6-njy aprel, 2016

Saýlaw nokady, Gollandiýa, 6-njy aprel, 2016

Gollandiýaly ses berijiler 6-njy aprelde geçirilýän referendumda Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny güýçlendirmegini özleriniň goldap-goldamaýanlygyny mälim edýärler.

Referendumda Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina bilen Assosiasiýa boýunça ylalaşygyny ratifikasiýa etmegi ses berişlige goýulýar.

ÝB-niň beýleki 27 agzasy ylalaşygy tassyklady.

Öňünden geçirilen pikir öwrenmeler ses berijileriň aglaba köpüsiniň “ýok” diýip jogap berjegini görkezdi.

Ses berişligiň netijeleriniň diňe Kiýew we Brussel bilen çäklenmän, Moskwada, Londonda we beýleki ýurtlarda hem duýuljagyna garaşylýar.

Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç 2013-nji ýylda ÝB bilen bu ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrypdy we Ýewromaýdan protestlerine sebäp bolupdy, yzýany Orsýet Krymy anneksiýa etdi we gündogar Ukrainada orsýetçi separatistler bilen konflikt döredi.

Kreml ÝB-niň Ukraina bilen Assosiasiýa barada ylalaşygyna köp wagtdan bäri garşy çykyş edip gelýär.

XS
SM
MD
LG