Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabag: Ýaraşyk berjaý edilýär


Stepanakert, Daglyk-Garabag, 4-nji aprel, 2016.

Stepanakert, Daglyk-Garabag, 4-nji aprel, 2016.

Azerbaýjan we Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistler Daglyk Garabag regionynda 5-nji aprelde gelnen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň geçen gijäniň dowamynda üpjün edilendigini aýtdylar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 6-njy aprelde çap eden beýannamasynda söweşýän taraplaryň arasyndan geçýän “kontakt liniýasyndaky” ýagdaý dartgynly bolsa-da, asudalygyň saklanýandygy belledi.

“Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri goşunlaryň arasyndaky konflikt liniýasynda harby operasiýalary ýatyrmak barada taraplaryň arasynda 5-nji aprelde gelnen ylalaşygy berk berjaý edýärler”, diýlip beýannamada aýdylýar.

Emma Orsýetiň RIA agentligi Azerbaýjanyň Goranmak ministrligine salgylanyp, Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy soňky 24 sagadyň dowamynda 115 gezek bozandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG