Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Dünýäde ölüm jezalary köpeldi


“Amnesty International” guramasynyň aktiwisti ölüm jezasyna garşy protest bildirýär, Morokko
“Amnesty International” guramasynyň aktiwisti ölüm jezasyna garşy protest bildirýär, Morokko

“Amnesty International” guramasy 2015-nji ýylda dünýäde berjaý edilendigi tassyklanan ölüm jezalarynyň sanynyň soňky 20 ýyldan gowrak döwürde iň ýokary derejä ýetendigini aýtdy we Eýranda, Pakistanda we Saud Arabystanynda ölüm jezasy hakynda has köp höküm çykarylmagynyň muňa sebäp bolýandygyny belledi.

Londonda ýerleşýän gurama 6-ny aprelde çap eden hasabatynda 2015-nji ýylda dünýäde ölüme höküm edilen 1634 adamyň jezalandyrylandygyny aýtdy. Bu sanyň bir ýyl ozalky görkezijiden 50% ýokary bolandygy hasabatda bellendi.

“Amnesty International” guramasynyň hasabatynda hasaba alnan wakalaryň 89% Eýrana, Pakistana we Saud Arabystanyna degişli diýilýär.

“Eýran, Pakistan we Saud Arabystany adamlary ölüm jezasyna höküm etmekde öň görlüp eşidilmedik derejelere ýetdiler, köplenç sudlar adalatsyz geçirildi” diýip gurmanyň baş sekretary Salil Şetty aýtdy. Şetty ýerine ýetirilen ölüm jezalarynyň sanynyň artmagy “örän aladaly” diýdi.

XS
SM
MD
LG